Bu ýylyň iýun aýynyň 12-ne Braziliýada başlajak futbol boýunça dünýä çempionatynyň oýunlary Türkmenistanly janköýerleri gijelerine ukusyz goýaýjak ýaly. Şol günki açylyşda oýnaljak Braziliýa-Horwatiýa oýny gije sagat 01-00-da başlar. Toparçalardaky oýunlar 21:00, 00:00, gije 01:00, gije 03:00 we daňdan 06:00 wagtlarda oýnalar. Soňky 16 we çärýek final oýunlary 21:00 we 01:00-da oýnalar. Ýarym final duşuşyklary gije sagat 01:00-da oýnalar. 12-nji iýulda paýtagt Braziliýada oýnaljak şenbe günündäki 3-njilik oýny hem gije sagat 01:00-da oýnalar. 13-nji iýulda oýnaljak Marakana stadionyndaky final duşuşyk bolsa Aşgabat wagty bilen ýarygije 00:00-da oýnalar.

Köneler, messibet tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir