Hormatly dostlar golayda daşary ýurtlaryň ýokary we orta bilim berýän okuw jaýlary tarapyndan berlen diplomlary resmi suratda tassyklamagyň täze tertibi kabul edilendigini eshidip Bilim ministriligine bardym. Ol ýerde tanyshlarymyň üsti bilen 2014-nji ýylyň 27-nji martynda TBM-gi tarapyndan Türkmenistanyň raýatlaryna daşary ýurt döwletlerinde berlen ýokary we orta hünär bilimi hakyndaky resminamalary ykrar etmek hakynda düzgünamanyň nusgasyny aldym. Daşary ýurtda okap gelen dostlaryma ýetiresim gelýär. şol düzgünama laýyklykda Türkmenistanyň raýatlaryna, daşary ýurt döwletlerinde 1993-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan soň berlen ýokary we orta hünär bilimi hakyndaky resminamalar ykrar edilmäge degişli. Türkmenistanyň raýatlaryna daşary ýurt döwletlerinde berlen ýokary hünär (orta hünär) bilimi hakyndaky resminamalara bildirilýän talaplar гöрä: - ýokary hünär bilimiň maksatnamalary boýunça okuwyň möhleti dört okuw ýylyndan az bolmaly däldir; - orta hünär bilimiň maksatnamalary boýunça okuwyň möhleti iki okuw ýylyndan az bolmaly däldir; - okuwyň görnüşi – okuwlar gündizki (önümçilikden aýrylmak şerti bilen) görnüşde amala aşyrylan bolmalydyr; - daşary ýurt döwletleriniň ýokary hünär we orta hünär okuw mekdepleri: Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlar üçin – döwlet okuw mekdepleriniň; beýleki daşary ýurt döwletleri üçin – degişli daşary ýurt döwletiniň abraýly okuw mekdepleriniň hataryna girýän bolmalydyr. Olaryň sanawy her ýyl Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan kesgitlenilýär; Täze tertibe girizilen дaşary ýurt döwletiniň ýokary hünär (orta hünär) okuw mekdebi tarapyndan berlen ýokary hünär (orta hünär) bilimi hakynda resminamany Türkmenistanyň çäginde ыкрар этмек ишини гечирмек üчин зерур ресминамаларыň санавы гöркезилйäр, олар шулардан ыбырат: -hökümetara we pudagara şertnamalaryň hem-de ylalaşyklaryň çäklerinde TБМ-ň ýollanmasy boýunça Türkmenistanyň çäklerinden daşynda okan Türkmenistanyň raýatynyň ýokary hünär (orta hünär) bilimi hakyndaky resminamany ykrar etmek baradaky arzasy ýa-da Türkmenistanyň raýatyny daşary ýurt döwletiniň ýokary hünär (orta hünär) okuw mekdebine okamaga iberen Türkmenistanyň ministrliginiň, pudak edarasynyň ýokary hünär (orta hünär) bilimi hakyndaky resminamany ykrar etmek barada haty, ýa-da Türkmenistanyň çäklerinden daşynda hususy tertipde okan Türkmenistanyň raýatynyň ýokary hünär (orta hünär) bilimi hakyndaky resminamany ykrar etmek baradaky arzasy; -ýokary (orta) hünär bilimi hakyndaky kanunlaşdyrylan (Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlardan beýleki ýurtlarda) resminamanyň döwlet kepillendiriş edarasy tarapyndan tassyklanylan we Türkmenistanyň döwlet diline resmi terjime edilen iki sany nusgasy; - okuw dersleri, okuw sagatlarynyň möçberi we her okuw dersi boýunça bilimlere goýlan bahalar görkezilen, kanunlaşdyrylan (Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlardan beýleki ýurtlarda) hasap-synag sanawnamasyndan göçürmäniň (ýokary hünär (orta hünär) bilimi hakyndaky resminamanyň goşundysynyň) döwlet kepillendiriş edarasy tarapyndan tassyklanylan we Türkmenistanyň döwlet diline resmi terjime edilen iki sany nusgasy; -daşary ýurt döwletiniň bilim edarasynyň şu aşakdaky maglumatlar görkezilen güwänamasy: ýokary hünär (orta hünär) okuw mekdebine (eger-de olaryň sany birnäçe bolsa, ýokary hünär (orta hünär) okuw mekdeplerine) okuwa kabul edilendigi (okuwa geçirilendigi) we okuwy tamamlandygy barada ýokary hünär (orta hünär) okuw mekdebi boýunça çykarylan buýruklary görkezmek bilen, okan döwründe okuwy gündizki görnüşde amala aşyrandygy; hünäri (taýýarlyk ugry) boýunça okuwyň gündizki (önümçilikden aýrylmak şerti bilen) görnüşiniň kadalyk ölçeg möhleti; ýokary hünär (orta hünär) bilimi hakynda berlen resminamanyň san belgisi; bilim edarasynyň guramaçylyk-hukuk görnüşi boýunça döwlet okuw mekdeplerine degişlidigi (Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlar üçin); bilim edarasynyň abraýly okuw mekdepleriň hataryna girýändigi (beýleki daşary ýurt döwletleri üçin); Güwanama (asyl nusgasy) daşary ýurt ýokary hünär (orta hünär) okuw mekdebiniň blankynda ýazylan, onuň ýolbaşçysynyň goly bilen tassyklanan (Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlar üçin – döwlet tugraly möhür basylan) görnüşinde bolup, ol Türkmenistanyň döwlet diline resmi terjimesi bilen bilelikde berilmelidir. Hökümetara we pudagara şertnamalaryň hem-de ylalaşyklaryň çäklerinde TBМ-iň, Türkmenistanyň beýleki ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýollanmalary boýunça Türkmenistanyň çäklerinden daşynda okan Türkmenistanyň raýatlaryna berlen resminamalara bildirilýän talaplaryň ýerine ýetirilendigini tassyklaýan TBМ-iň, daşary ýurt döwletlerine okuwa iberen Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň güwänamasy bilen çalşylýar. - Türkmenistanyň raýatynyň pasportynyň nusgasy we Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasportynyň bar bolan ýagdaýynda onuň nusgasy; - bellenen nusga boýunça özi barada maglumat. Resminamalar tabşyrylanda Türkmenistanyň raýaty bilim hakyndaky resminamanyň we hasap-synag sanawnamasyndan göçürmäniň (ýokary hünär (orta hünär) bilimi hakyndaky resminamanyň goşundysynyň) asyl nusgalaryny, şeýle hem Türkmenistanyň raýatynyň pasportyny we Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasportynyň bar bolan ýagdaýynda ony görkezýär. Kabul edilýän resminamalary hasaba almak TBМ-ne gelýän resminamalary hasaba almak boýunça hereket edýän tertibe laýyklykda amala aşyrylýar. Düzgünama laýyklykda Döwlet synaglary ýylda iki gezek (ýanwar we iýul aýlarynda) Türkmenistanyň döwlet dilinde geçirilýär. Bilim hakyndaky daşary ýurt döwletlerinde berlen resminamasynyň ykrar edilmegine dalaş edýän Türkmenistanyň raýaty döwlet synagy boýunça kanagatlanarsyz baha alan halatynda, synagy gaýtadan iki gezek tabşyrmaga rugsat berilýär diýlip görkezilen.

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 10 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir