Tüweleme, soňky döwür agza bolup saýtda aktiwleriň biri bolan, tehnologiýadanam oňat baş alyp çykýan agzalammyzyň biri hem Mysterious agza bolsa gerek. Menem käwagtky heňimi gaýtalap söhbetdeşlik açaýyn diýdim. Elbetde söhbetdeşligem aktiw agza bilen açsaň gowy bolýa. Söhbetdeşlikde käbir agzalardan jogaby agzyndan çekip almaly bolýa, käbirleriniň berýän jogaplaryndan bolsa göwnüň şeýlebir suw içen ýaly bolýar. Mysterious agzada temalardaky jogaplaryna seretseň "suw içirjek" agzalara meňzeýär. Dogrusyny aýtsaň özinden soramanam açaýdym welin garşy bolubam durmazda! Eger aýtmazlygy isleýän soragy beräýsek jogap bermek hökmanam däl. Ýene bir aýtjak zadym hormatly agzalar biderek soraglar we temany biderek gürrüňler bilen floodlamalyň. Bu temada bizden soňkylar üçin peýdaly boljak söhbetdeşlikleň biri bolup arhiwe siňip gitsind-ä. Onda ilki soragy men beräýjek. 1.Bu saýty nireden tapdyň? 2.Talypmyň? 3.Ilkinji okan kitabyň haýsy kitap?

Köneler, mirasymyz tarapyndan 11 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir