Ýaşy ýeten arap atyň şanynda Mälim bolmaz, depe nedir, düz nedir; Ýüňi ýeten goç ýigidiň ýanynda Altmyş nedir, ýetmiş nedir, ýüz nedir... Namart ogly gorky çeker meýdandan, Agaç adam bolup görner her ýandan, Muhannesler howply ýerde duşmandan Seçe bilmez, duman nedir, toz nedir. Sypa bolup, müner atyn bilmeýen, Aryf 1 bolup, öz yzzatyn bilmeýen, Söhbet içre söz lezzetin bilmeýen Aňa bilmez, söhbet nedir, saz nedir. Garga ýiter boz balaman 2 jeňinde, Görne bilmez ol meýdanyň deňinde, Aç garçygaý algyr laçyn öňünde, Müň ýygylsyn, ördek nedir, gaz nedir. Magtymguly, söz joş etgin diliňden, Muhannese ýol bermegil ýeläňden, Bu hünärler geler, gelmez eliňden, Dilden gelen bu jürýetli 3 söz nedir. 1Aryf – biliji, her bir zatdan habarly. 2Boz balaman – aw guşy. 3 Jürýet – gaýrat, edenlilik, ýürek edip bilmeklik

Köneler, muzazzi tarapyndan 11 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir