Erte dañ agarar täzeden ýene, Adamlar oýanar,güller oýanar. Azanyñ sesleri ýañ salyp göge, Diýräm,öläm tirsegine daýanar. Erte biraz akyllarmyz goýalar, $u gün bilmedigmiz,bileris ertir. Ýöne ertir,juda-juda giýç bolar. Giýçligem gözýa$ly günleri getir. Geçmi$de ullakan ahmyrym ýatyr, A geçmi$i ýoguñ,gelejegäm ýok. Dünýämiz jennete öwrülip ertir, Gan,iriñden saplanarmy bilemok. Munda hü$gär,munda häzir bolmaly, Ahmal bolsañ owradarlar diý$iñi. Ertiriñ azary özine ýetik, Ertä goýma,sen bu günki i$iñi. Erte $apak dogar,täzeden ýene, Oýanar tebigat,oýanar ynsan. "menem $olar bilen,oýanaryn" diýme, Ýatybam bilersiñ baky oýanman. Haýy$ym,bar i$i ertire goýmañ, $u gün diý,ertiriñ geljegi güman. Wento:$ahsy döredijilik.

Köneler, vento tarapyndan 11 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir