Barselonanyň we Argentinanyň ýygyndy toparynyň hüjümçisi Leonel Messi ýene bir rekordyň eýýesi boldy. Ol bu gezekki rekordyny 40 ýyldan (1972-nji ýyl) soň, 1 kalendar hasaby boýunça 85 pökgi salmagy başaran Germaniýa Federal Respublikasynyň we Bawariýanyň rowaýaty futbol oýunçysy Gerd Mýulleriň elinden "Gaňryp" aldy. Ispaniýanyň çempionatynyň 15-nji turynda öten agşam Real Betis bilen duşuşan Barselona Leonel Messiniň salan 2 pökgüsinden soň şol rekordy täzeledi. Şonda hasap 2-1 Barselonanyň peýdasyna tamamlanypdy. Şeýle hem Messi Barselonanyň taryhynda hem iň köp pökgi salan oýunçydyr. Ol 352 oýunda 283 pökgi saldy. Messi bu ýyl dünýäniň iň gowy oýunçysy diýip saýlanan 3 futbolçynyň hem biri. Bu ýyl hem eger bu baýragy almak Messä başardaýsa ýene bir rekordyň eýýesi bolýar. Messi bu baýragy 3 gezek alypdy. Bu gezegem alyp 4-e ýetirse futbolyň taryhynda hiç kimiň başarmadygyny başardygy bolýar.

Köneler, messibet tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir