Arsenalyň Trenneri Arsen Wenger Leonel Messi hakynda şeýle diýdi: -Ol amaly baýrak bolsa aldy we klubyny ýokary derejelere eltdi. Ýöne başga klubda bolsa şu derejelere ýetip bilermi? Ol Barselona bilen gowy oýnaýar. Howply ýagdaýlary döredýär, kyn ýagdaýlarda topa erk edip bilýär. Ýöne ýene bir bellemeli zadam bar. Barselonaňam Messisiz şu ýagdaýyna gelmegi aňsat düşmese gerek. FIFA dünýäde iň bir abraýly baýraklaň biri bolan Ballon d'Or baýragyny almak üçin 23 futbolçydan saýlanan 3 oýunçyny belli etdi. Olar Messi, Ronalda we Iniýesta. Şeýlede trennerlerdenem 3-si belli boldy. Olar Vicente del Bosque, Pep Guardiola we Jose Mourinho. Radamel Falcao, Neymar we Miroslav Stoch bolsa Puskaş ady bilen berilýän ýylyň iň owadan goly üçin diýen baýrak üçin saýlanarlar. Bu baýraklar 2013-nji ýylyň 7-nji ýanwarynda Sýurihde eýýelerine gowşar.

Köneler, messibet tarapyndan 11 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir