MTS kompaniýasynyň «MTS—Bir ädim öňde» diýen şygary Türkmenistanda asla hakykata laýyk gelmeýär. Şu ýylyň 30-njy awgustyndan Türkmenistanda öz işine gaýtadan başlan MTS 2010-njy ýylyň dekabrynda ýitiren müşderilerini doly yzyna gaýtaryp bilmeýär. Biziň habarçylarymyzyň geçiren pikir soralyşygyna görä, Türkmenistanda ortaça 30 adamdan diňe bir adam MTS-iň hyzmatyndan peýdalanýar. Galan müşderiler «Altyn asyryň» hyzmatyny ulanmagyny dowam etdirýärler. Häzirki wagtda MTS tarifleriniň sanyny barha artdyrmak bilen. 1-nji okýabrdan «MTS prosto» bilen «Super 0» tarifleri açyldy. 1-nji noýabrdan bolsa «Biznes prosto» tarifi girizildi. Mundan başga-da MTS öz müşderilerine her dürli habar maglumatlaryny alyp bolýan hyzmatlary, şeýle hem odnoklassniki.ru saýtynyň hyzmatlaryndan peýdalanyp bolýan serwisleri hödürledi. 1-nji noýabrdan MTS internet paketleriniň hem sanawyny çykardy. Ýöne muňa garamazdan, türkmenistanlylar MTS-iň müşderisi bolmaga gaty bir höwes bildirip durmaýarlar. Munuň esasy sebäpleriniň biri hem MTS-iň esasy garşydaşy «Altyn asyrdan» has tapawutly hyzmaty müşderilerine hödürläp bilmeýänligindedir. Umuman alanyňda, MTS-iň hyzmaty «Altyn asyryňkydan» gymmat däl, emma beýle bir arzanam däl. Ikisiniň hem bahasy deň. Bir ýarym ýylyň dowamynda «Altyn asyryň» sim kartalaryny ulanyp ýören müşderiler bolsa tanyş-bilişleri bilen ozalky kontakt belgilerini saklanlaryny kem görmeýärler. Şonuň üçin olar MTS-iň belgisine geçmeýärler. Dogrusy, türkmenistanlylarda MTS-den entegem umyt kän. Bu MTS-iň internetine bolan umytdyr. Müşderiler ýakyn geljekde MTS-iň internetiň tizligini artdyryp, bahasyny bolsa elýeterli etjekdigine uly umyt baglaýarlar. Çeşme http://www.chrono-tm.org/tm/archives/365

Köneler, Hayranmen tarapyndan 11 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir