Jeýms Bond baradaky no­ batdaky film kinoteatrlar­ da görkezilip başlandy. Ki­ no muşdaklarynyň söýgüli gahrymanyna öwrülen Bond syýahatçylary özüne çekýär. Beýik Britaniýanyň hem- de Türkiýäniň syýahatçy­ lyk boýunça milli edarala­ ry has köp syýahatçy çek­ mek maksady bilen tanyş­ dyrylyş çärelerini geçirme­ gi maksat edinýär. Bu ýurtlar Bonduň täze fil­ minden peýdalanyp, jahan­ keşdeleriň ünsüni öz ýur­ duna çekmek isleýär. Şo­ nuň üçin käbir tanyşdyry­ lyş dabarasyny gurnap, fil­ miň üsti bilen öz ýurdunyň syýahatçylyk mümkinçilik­ lerini hem mahabatlandyr­ magy göz öňünde tutýar­ lar. Mälim bolşy ýaly, Jeýms Bond baradaky “007: Skaý­ foluň kordinatlary” filmiň käbir bölegi Londonda hem-de Stambulda surata düşürildi. Londonda milli galereýada, Uaýtholda we Grinwiçde filmden bölekler düşürildi. Türkiýäniň Stambul şähe­ rindäki uly bazary, Ortaýer deňziniň kenaryndaky Fet­ hiýe şypahanasy hem-de taryhy Adana şäheri Bon­ duň filmiň käbir böleginiň surata düşürilen ýerleri bol­ dy.

Köneler, gaywana tarapyndan 11 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir