gadymy dowurlerde bir patysha oz nokerleri b.n awa-shikara chykypdyr.bir keyigin yzyndan kowalap gidip barshyna-da,onun aty budrap yikilipdir.gutlap yere dushen patyshanyn sag ayagyna barmak boyi tiken chumupdir.koshgune dolanyp gelen patysha: -tenimden shu tikeni ayryp berene hazynamdan echili-bilenimi echiljek-diyip yglan edipdir.koshge tebip bary gelse-de,olaryn emlerinden shypa tapylmandyr.ahyry gunbe-gunden derdinden egbarlayan patyshanyn yanyna bir akyldar gelipdir.ayaga chumen tikeni gorup: -patyshahy alem,bu tiken hapa baryny yignan tiken eken.ony teninizden chykarmak ansat ish bolmaz.yone onun yekeje usuly-ha bar:shol tikeninin ustunden rayatynyzdaky in pakize zenenyn uch gezek atlemegi zerur.eger-de zenen hakyn onunde pakize bolsa onda tikenin oz-ozunden chykar.pakize dal bolsa,derdin onkudenem erbetlesher-diyipdir. -kimde-kim shol derdi dep edip bilse,ona yedi arkasyna yetjek hazyna garashyar,dert beterleshayse weli,haky olumdir-diyip jar chekdirilenden sonraenche gunlap patyshanyn yanyna gelen tapylmandyr.ahyry bir gun koshgun ishiginden bir zenan atlapdir: -patyshahy alem,men synanshyp goreyin-diyipdir. ol ayagyn ustunden edep b.n uch gezek atlan badyna-da,tiken oz-ozunden tenden chykypdyr.jany aram tapan patysha gelne yuzlenipdir: -uyam jan,sana bir soragym bar. birinji gezek atlaninde, agyrym erbetleshdi,ikinji gezekde sunnume rahatlyk aralashdy. uchunji gezek atlaninde bolsa,janym aram tapdy. munun sebabi namedi? -patyshahy alem,chaklayshimcha,birinji gezek atlanimde ynjamagynyzyn sebabi heniz ulugyz wagtym obamyzdan bir nazarkerde yigidi gorup, "durmusha chykanyna gora sheyle yigit b.n gosh birikdiraysen" diyip,yekeje gezek ichimden gowun yuwurdipdim ol shonun u.n bolsa gerek. ikinji gezek atlanimde rahatlyk aralashmagynyn sebabi durmusha chykanymdan sonra oz yanyoldashymdan ozge yigide gabagymam galdyrmandym. uchunji gezek atlanimde janynyzyn aram tapmagynyn sebabi bolsa shu gune chenli encheme yillap dul yashap yoren bolsamda yekeje gezek erkek gobeklinin yuzunede seretmandim...

Köneler, hakykygyz tarapyndan 11 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir