Edil düýn ýalydy, Ýaňy ýalydy, Sagadyn dillerin rehimsie towlap, Seň ýanyna duşuşyga barýanym Ädimlerim bilen elhenç sakawlap. Paýtagtyň asuda köçelerinden Kä öňe ýörärdik, kä yza bakaýa. Şemal össe, tolkun atar durardy Sypaýy köýnegiň, sypaýy ýakaň. Bu erde hiç hili düşünmezlik ýok, Belki, şeýle bolmalydyr bu zatlar. Sen saga sowuldyň, Men bolsa çepe, Seni ençe ýyllap çykardym ýatdan, Ýöne agşam bir düşnüksiz gam bile. Gitdim şol duşuşan ýermize bakan. Tolkun atdy göz öňümde yene-de Sypaýy köýnegiň, sypaýy ýakan. Birden ýüregime çümdi-de gitdi, Iňňän ujy ýaly rehimsiz ünji, — Seň bilen duşuşyp bilmänime däl, Seň ilkinji söýgim bolanyň üçin. Çigrek güýz agşamy haýal barýaryn, Öçügsi ýyldyzlar öçül asmanda. On bäş ýyl! On bäş ýyl! Ýaňy ýalydy. Bir damja şor ýaşym gaçýar asfalta,
Gurbannazar shahyry yatlap.
-
Makintos
11 years ago
- oran gowy shahyr
-
wulkan
11 years ago
- In soyguli shahyrym,
artykmaclyk dushmanydyr sungatyn,
tygshytly bolanda beyikdir nama.
Men pikirmi bir soz bilen aydyarkam,
ol yere uch sozun geregi name?
Yada...
Sen geldinde garyp konlum bay etdin,
yone namucindir ynjalygym yok.
Sen mana bagt berdin oran ullakan,
ony nadip gorajagmy bilemok.
Yone saher saher bagtymy opup,
oz-ozumi goryan senin gozunde.
Her hal yolda yatan dash dal ekenim,
artyk dal ekenim yerin yuzunde.
Diyen setirleri yuregime cumup gidya. Umuman awtor sagja bol ezizowy yatlanyna?
-
akylym1989
11 years ago
- söýýärin güýz paslyñ sarylygyny... beýik shahyr ýatlanyñyza minnetdar.
-
vento
11 years ago
- maña $ygyrýetde halypalyk eden hiç kim ýok, g.ezizowdan ba$ga. halypam.
-
vento
11 years ago
- ezizowyñ döredijiliginden gaty köp zat öwrendim.
sahett 11 years ago
görä aýdýan zadyny...şahyrlañ gowysydyr bu...