Soňky ýyllarda alternatiw ýangyçlar bilen hereket ed­ ýän ulaglaryň ýüze çykma­ gy bilen olaryň hereket et­ megi has arzan bolup baş­ lady. Ýokary tehnologiýa ulagla­ ryň ýangyjy tygşytly peý­ dalanmagyny gazanýar. Bu “gysganç” ulaglar eýele­ riniň pullaryny tygşytlama­ gyna ýardam edýär. Adaty ýangyçlar bilen ummasyz pul serişdesini talap edýän uzaklyk bu ulaglar arkaly ujypsyz pul sarp etmek bi­ len geçilýär. Fransuz inženerleri öz oý­ lap tapan elektrokary bi­ len 25 müň kilometr ýol geçip, dünýäniň daşyndan aýlandylar. 8 aýlap do­ wam eden bu syýahatda olaryň ýangyç üçin sarp eden pullary bary-ýogy 250 ýewro boldy. Antonin Gaý we Hawier De­ gon dolulygyna elektrik energiýasy bilen hereket edýän ulaglaryny gündelik durmuşda ulanyp boljakdy­ gyny görkezmek üçin ge­ çen fewral aýynda syýaha­ tyna başladylar. Fransiýanyň Strasburg şä­ herinden ýola çykan inže­ nerler her 100 kilometrde soňra awtoulaglaryna zar­ ýad berdiler. Olar sekiz aý­ da 17 ýurtdan geçip, 25 müň kilometrlik ýoly kül­ terlediler. Bu döwrüň do­ wamynda awtoulaglaryny 300 gezek zarýadlandyrdy­ lar. Syýahatynyň dowamynda çölden hem geçen inžener­ leriň awtoulaglarynda hiç- hili tehniki näsazlyk ýüze çykmandyr. Çalt zarýad be­ rilende 30 minutda 80 gö­ terim zarýad alýan awtou­ lag, 144 kilometre çenli tiz­ lik bilen hereket edip bil­ ýär. Bu ulag iň az ýangyç sarp edýän awtoulagdan 7 esse arzan düşýär.

Köneler, gaywana tarapyndan 11 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir