Gadyrly doganlar, ertir (oktýabr aýynyň 16-synda), käbir töwsirlerde geçen, Fejr süresiniň 2-nji aýatynda geçen we Allatagalanyň üstüne and içen "on gijä"niň Zilhijjäniň ilkinji on gijesidigi bildirilen Beýik Günler başlanýar. Resul-y Ekrem (sallallahu aleýhi wesellem)'iň "Allatagalanyň gatynda zilhijjäniň ilkinji on gününden has fazylatly gün ýokdur"(1) buýuran beýik günler başlanýar. Içinde, Maide süresiniň 3-nji aýatynda geçen “Bu gün siziň diniňizi kemala erdirdim, üstüňize nygmatymy tamamladym we siziň üçin din hökmünde Yslama razy boldum.” diýilýan ‘bu günüň’ zilhijjäniň 9-njy gününiň (arefe günüdir) ýerleşýän Beýik günler başlanýar. Içinde Resul-y Ekremiň (sallallahu aleýhi wesellem) “Allah gatynda günleriň iň beýigi Gurban günüdir”(2) buýuran Zilhijjäniň 10-njy gününiň (Gurban Baýramynyň birinji gününiň) ýer alýan Beýik Günler başlanýar. Bizem ertirden başlap size Baýrama çenli Zilhijjäniň ilkinji on güni bile bagly hadys-y şerifleri ýetirip durarys Inşallah. Bu gymmatly günleri, beýikligine laýyk görnüşde geçirmek dilegi bilen… (1) İbn Hibban, Sahîh, 2/562. (2) Ahmed, Müsned, 4/350; Suyuti, el-Jsmiü’s-Sagir, 1064. Resulullah.org

Köneler, şakird tarapyndan 11 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir