Ýör, göwnüm, diýara seýran eýläli Gursagy arslanly-şirli türkmensiň! Geldi garyp, gamgyn ýigdiň eýýamy, Jelaleddin kibi ärli türkmensiň! Saýlap-seçip müň ganatly bedewi, Dagyna-düzüne sežde edeli, Synlap dagda Daga dönen pederi — Goýny üç ýüz altmyş pirli türkmensiň! Gojalary Gorkut ýaly pähimdar, Ejeleri Ýunus ýaly rehimdar, Ýeke bolsaň «häh» diýeňde «mähim» bar Agaýunus kibi hüýrli türkmensiň! Ärden ärsiň, diňe merdan saýlagyn, Şirden şirsiň, jeňe meýdan saýlagyn! Gaýmagyň galňasyn, synman gaýnagyn, Goýny Garagumly — gorly türkmensiň! Taryh diýrler eždadyňa-hyşdyňa, Ataňa-babaňa, kowum-puşduňa. Atly girip zarply şalaň köşgüne, Zeberdest gollary zorly türkmensiň! Ýagşyzada kybap baý-u-begleri, Mydam al-asmanda parlar tuglary, Sözleri ýalkymly, kalby şuglaly Ýüregi, gül ýüzi — nurly türkmensiň! Düýp babaň Oguz han, Gorkut — halypaň, Altmyş asyr taryhydyr — hakydaň. Garagumuň — desterhanyň, hazynaň Rysgal-bereketli, barly türkmensiň!

Köneler, Koneurgenchli tarapyndan 11 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir