ABADAN Bagtyýar , oňat. AÇAP Açayýp owadan gyz AGAGÜL Agalarynyň güli, ilkinji dünýä gelen owadan gyz. AKBÄBEK Iň soňky gyz bagtly bolsun. AKJAGÜL Bagtly – owadan gyz bolsun. AKJEMAL Bagtly – owadan gyz bolsun. AKMEŇLI Ýüzünde meň bolan bagtly gyz. AKSOLTAN Gyzlaryň soltany – seresi bolsun. ALTYN Altyn – tylla ýaly gymmat bahaly bagtly gyz bolsun. ASLY Asyl sözünden ýasalan,: asylly ,terbiýeli gyz bolsun. AÝBIBI Nurana – owadan gyz bolsun. AÝBIKE Han – Begiň aýalyna ýüz tutlup aýdylýan söz. Owadan gyz. AÝJEMAL Nurana – görmegöý gyz bolsun.(jamal: görk, gözellik). AÝLA Dolan aýda dünýe gelen gyz. AÝLAR Aýlaryň aýy , gözelleriň gözeli, iňňän owadan gyz. AÝNA Aýna ýaly düri - arassa gyz bolsun. AÝNUR Aý ýaly nurana – gözel gyz bolsun. AÝSEL Aý ýaly, selbi( Serwi) boýly gyz bolsun. AÝSEN Aý ýaly gözel gyz bolsun. AÝSERE Aý ýaly gözel gyzlaryň seresi – başy bolsun. AÝSOLTAN Ayý ýaly gözel gyzlaryň soltany – seresi bolsun. AÝŞA-ÄŞE Muhammed (A)-iň bir aýalynyň ady.Ýaşamaga çalyşmak. AÝŞAGÜL Gül ýaly owadan gyz köp ýaşasyn
Turkmen adam atlary
- 
                handsome1
                13 years ago
                
- JAHAN	
 Dünýäsi giň ,asmany düri bolsun.
 
 JAHANAÝ
 Asmanyň aýy-gözel gyz.
 
 JAMAL
 Jemal, owadan gözel gyz.
 
 JEMILE
 Owadan, görmegöý gyz bolsun
 
 JENAN
 Janlaryň –jany,mähriban gyz bolsun.
 
 JEREN
 Keýik-Maral,owdan-çalasym gyz bolsun.
 
 ÇEMEN
 Gülli otlar gögerýän ýer.
 
 ÇYNAR
 Çynar ýaly başy dik bolsun, kän ýaşasyn.
 
 DESSE
 Desse-desse gül ýaly owadan gyz bolsun.
 
 DILEG
 Dilek-arzuw edilip ýetilen gyz.
 
 DOÝDUK
 Gyzdan doýduk, indi bize ogul gerek manyda dakylýan ad.
 
 DÖNDI
 Şu gyzyň yzyndan oglan bolsun,ogla tarap dösün.
 
 DURNA
 Durna guş ýaly owadan, aram ,sabyrly gyz bolsun.
 
 DURSUN
 Dursun, ölmesin , köp ýaşasyn.
 
 DÜNÝÄ
 Dünýäsi giň, asmany düri bolsun.
 
 DIDAR
 Öýümize ýüzi düşen, owadan-gelşikli gyz bolsun.
 
 DURDY
 Dursun , ölmesin.
 
 JELIL
 Abduljelil, uly-Şohratly, Allahnyň guly.
 
 JEPBAR
 Abduljepbar, Taňrynyň guly,güýçli oglan bolsun.
 
 JEÝHUN
 Jeýhun derýasy ýaly joşsun.
 
 JORA
 Ýoldaş-hemra, dost-boýdaş.
 
 JOŞGUN
 Joşgunly,şadyýan, suw joşanda dünýä gelen gyz.
 
 JÜNEÝT
 Az sanly gişun.Goşun ýaly güýçli bolsun.
 
 ÇARY
 Seljuk soltanyň ady, çagyrlan.
 
 ÇAKAN
 Çalymtyk-mawy gözly alagöz.
 
 ÇAWDUR
 Gadymy Türkmen taýpasynyň ady.
 
 ÇERKEZ
 Bir ösümligiň ady,ot.
 
 ÇOPAN
 Mal-garaly ýaly bolsun,Çopan.
 
 ÇÜWDE
 Paltanyň ýaňsesi,kelläň ýeňse tarapy.(Berk-sagdyn).
 
 DAGDAN
 Dag agajy ýaly berk, sagdyn-daýaw bolsun.
 
 DAŇATAR
 Daň atan wagty, daňdan dünýä gelen perzent.
 
 DAÝANÇ
 Ata-enesiniň daýanjy bolsun.
 
 DIÝAR
 Watan-ülke, il-gün.
 
 DÖRTGULY
 Dördünji oglan.
 
 DÖWLET
 Döwletli,baý bagtly bolsun.
 
 DURMUŞ
 Dursun-ölmesin, köp ýaşasyn.
 
 DÜŞEM
 Hepdäniň düşenbe güni dünýä gelen oglan.
- 
                handsome1
                13 years ago
                
- EJEGYZ
 Ejesiniň gyzy.
 
 EJEKE
 Aýrylan uly aýaldoganynyň ady dakylan gyz.
 
 EJEŞ-ENEŞ
 Eje sözi bilen gelýän atlaryň gysgalan görnüşi.
 
 EJOW
 Aýrylan ejäniň ady dakylan gyz.Eje sözi bilen-de gelýär.
 
 ENE
 Dädesiniň aýrylan enesiniň ady dakylan gyz.
 
 ENEKÄBÄ
 Dädesiniň aýrylan enesiniň ady dakylan gyz. Käbe ýaly.
 
 ENEKE
 Enekäniň ady dakylan gyz.(Eneke: başgasynyň oglanyny saklaýan).
 
 EMIN
 Ynamly –dogurçyl oglan bolsun.
 
 ERKIN
 Azat-erkin ýaşasyn.
 
 ESEN
 Aman-esenlik, dynçlyk.Hasan adynyň üýtgän görnüşi.
 
 ETREK
 Etrek derýasy boýnunda dünýä gelen oglan.
 
 EÝMIR
 Türkmeniň Eýmir taýpasynyň ady dakylan ogalan.
 
 EÝÝÜB
 Eýýüb pygambaryň ady dakylan oglan-hormatly.
 
 FAÝZULLAH
 Allahnyň faýzy siňen-sahawatly oglan bolsun.
 
 FAZYL
 Bilimli,akylly,dana oglan bolsun.
 
 GEŇLIK
 Geň. Ata-enesiniň guwanji gyz.
 
 GÖWHER
 Göwher ýaly gymmat bahaly söýülen gyz bolsun.
 
 GÖZEL
 Owdan-gelşikli, görmegöý gyz bolsun.
 
 GUNÇA
 Açylmadyk gül, gunça ýaly owadan gyz bolsun.
 
 GÜL
 Gül ýaly owadan, ýakymly, özüne çekiji gyz bolsun.
 
 GÜLNAR
 Naryň güli ýaly owadan gyz bolsun.
 
 GÜLNUR
 Gül ýaly nurly owadan gyz bolsun.
 
 HAJAR
 Göçüp ýören Ebrahym(A)niň aýalynyň ady.
 
 HAJAT
 Gerek zat,zerur zat.Isek-arzuw edilip ýetolen gyz.
 
 HALIMA
 Ýuwaş-rehimli,mylaýym gyz bolsun.
 
 HALLY
 Bu at oglan-gyza dakylýar: Hal-ýagdaýy we bagty ýagşy bolsun.Endamynda haly bolan gyz-oglan.
 
 HATYJA
 Hz.Muhammediň birinji aýalynyň ady.
 
 HESEL
 Asel, bal, süýji dilli ýakymly gyz bolsun.
 
 HURMA
 Süýji dilli, uly derejeli gyz bolsun.
 
 HÜÝRI
 Hüýri, peri ýaly owadan gyz bolsun.
 
 GAJAR
 Gajar diýen Türkmen taýpasynyň ady dakylan oglan.
 
 GADYR
 Gadyrly-gymmatly.Gadyr gijesi dünýä gelen oglan.
 
 GANDYM
 Çöl ösümligi bolan Gandym ýaly düzümli hem kän bolsun.
 
 GAPBAR
 Abdulgapbar(abdulgaffar), Hudaýyň guly, magfiret ediji.
 
 GAPUR (GAFUR)
 Abdulgafur(Hudaýyň guly), geçirimli.
 
 GARLY
 Garly howada dünýä gelen oglan.
 
 GOWŞUT
 Sag adam, Ata-enesine gowşan oglan.
 
 GAÝYP
 Oglanlary durmaýan maşgalalarda dakylýan at.
 
 GAÝLY
 Gaý turan güni dünýä gelen oglan.
 
 GAÝRAT
 Gaýratly-edermen oglan bosun.
 
 GYLYÇ
 Akylly, kesgir-ötgür bolsun.
 
 GIÇGELDI
 Wagtyndan gijä galyp dünýä gelen oglan.
 
 GORGAN
 Gala, Gala ýaly gorysyn, saklasyn.
 
 GUWANÇ
 Guwançly , söýgüli oglan bolsun.
 
 GÜRGEN
 Sagdyn agaç.Gürgen derýasynyň boýnunda dünýä gelen
 
 GÜÝÇGELDI
 Kynlyk bilen dünýä gelen oglan.
 
 HABIP
 Hebip, ýakyn ýöldaş-dost, Söýgüli-ýar.
 
 HAKAN
 Arabaçy.Gadymy Türk han soltany.
 
 HALIL
 Abdulhalyl(Allahnyň guly).Wepaly dost.
 
 HALIM
 Abdulhalym(Allahnyň guly). Rehimli, mylaýym, ýuwaş.
 
 HAMID
 Abdulhamid (Allahnyň guly). Öwgä mynasyp.
 
 HAÝDAR
 Arsalan – ederman adam.
 
 HEKIM
 Abdulhekim(Allahnyň guly). Bilgir-tebip.
 
 HYDYR
 Hizir.Gök-ýaşyl öwüsýän.
- 
                handsome1
                13 years ago
                
- MAHYM
 Aýym,aý ýaly gyzym.
 
 MAMA
 Mamasynyň ady dakylan gyz.
 
 MAMAGÜL
 Mamasynyň güli.
 
 MARAL
 Maral ýaly owadan gyz bolsun.
 
 MAÝA
 Maýa ýaly ýuwaş mähirli gyz bolsun.
 
 MAÝSA
 Gögerip outran ýaş arpa bugdaý.Maýsa ýaly öwüşgünli.
 
 MELEK
 Perişte, perişte ýaly haýyrly.
 
 MERJEN
 Merjen ýaly gymmat-baha gözel gyz.Ýakub-merjen.
 
 MERÝEM
 Semiz-sagdyn gyz.HZ.Isanyň ejesiniň ady.
 
 MIWE
 Süýji dilli gyz bolsun.
 
 NABAT
 Nabat ýaly süýji – ýakymly gyz bolsun.
 
 NÄZ
 Niýaz sözi bilen goşma atlaryň gysgalan görnüşi.
 
 NÄZIK
 Mylaýym,ýumşak, täzeje.
 
 NÄZLI
 Näzli , gözel gyz bolsun.
 
 NERGIS
 Sary ýaprakly owadan gül.Nergis.
 
 NIGÄR
 Görmegöý ,owadan gyz.
 
 NOWBAHAR
 Baharyň başlanan wagty dünýä gelen gyz.
 
 NOWÇA
 Sagdyn,ýaş owadan gyz.
 
 NOWGÜL
 Täze gül.
 
 NURGÜL
 Nurana, gülýüzli gözel gyz.
 
 MELE
 Bugdaý reňk gyz-oglan.
 
 MEŇLI
 Bedeninde(ýüzünde) meň bolan gyz-oglan.
 
 MERED
 Şaban ýaly dünýä gelen.Murat-maksat.
 
 NARLY
 Bedeninde narly( gyzyl tegmili) bolan gyz-oglan.
 
 NAZ
 Niýaz diýen adyň gysgalan görnüşi.
 
 NURY
 Nur sözi bilen gelýän goşma at.
 
 MAGTYM
 Bir Türkmen taýpasynyň ady. Aga, ýolbaşçy-baştutan.
 
 MAHMUD
 Öwgüli,öwgä mynasyp.
 
 MAŞAL
 Bedeninde tegmili bolan bäbek.Maş; al: Şöhleli,nurly.
 
 MÄMI
 Mämed-muhammed diýen adyň gysgalan görnüşi.
 
 MÄTI
 Mehdi, Dogry ýol bilen alyp baryjy.
 
 Abdulmejid
 MEJID
 Abdulmejid(Hudaýyň guly). Görmegöý, şanly,şöhratli.
 
 MERGEN
 Nyşana dogry urýan. Mergen oglan bolsun.
 
 MUHAMMED
 Öwgä mynasyp.Ahyrzaman.Iň soňky pygambaryň ady.
 
 MURTAZA
 Saýlantgy, seçilen.HZ Aliniň lakaby.
 
 MUSA
 HZ.Muhammetden öň geçen pygambaryň ady.
 
 MUSTAFA
 Saýlanan,seçilen.HZ.Muhammediň lakaby.
 
 NADYR
 Nedir, seýrek duş gelýän,gyt.
 
 NAGMAT
 Nygmat diýen adyňözgeren şekli.
 
 NASYR
 Abdulnasyr(Allahyň guly).Kömekçi, hemaýatçy.
 
 NAZAR
 Garaýyş, esewan boluş.
 
 NEJEP
 Hz.Aliniňjaýlanan ýeriniň ady.
 
 NEPES (NEFES)
 Dem, dem alma .
 
 NYGMAT
 Nagmat, döwletli bolsun.
 
 NOBAR
 Ilkinji ýetişen miwe.
 
 NOBAT
 Gezek.Öz gezeginde dünýä gelen oglan.
 
 NOHUR
 Nohur taýpasynyň ady dakylan oglan.
 
 NOWRUZ
 Täze gün.Hijri-şamsi ýyliň başlanan güni.
 
 OGULBAGT
 Bagtly gyzyň yzyndan ogul bolsun.
 
 OGULJAN
 Şu owadan –jan gyzyň yzyndan ogul bolsun.
 
 OGULGEREK
 Gyzymyz ýeterlik, indi bize ogul gerek.
 
 OTAGA
 Başymyzyň bezegi-täji gyz.
 
 OWADAN
 Owadan , görmegöý, gözel gyz.
 
 OWLAK
 Şadyýan – ýakymly.Owlak ýaly gyz bolsun.
 
 ÖMÜR
 Ömri bolsun, kän ýaşasyn.
 
 ÖWSER
 Öwsün(Äfsun) atyp duran parlak-owadan gyz bolsun.
 
 PAMYK
 Ýymşak, mylaýym, mähriban gyz bolsun.
 
 PATMA
 HZ.Muhammediň gyzynyň ady.
 
 PERI
 Perizat ýaly owadan gyz bolsun.
 
 RABYGA
 Rabia,Dördünji.
 
 RAGNA
 Owadan.Rana bir gülüň ady.
 
 REÝHAN
 Hoş isli ösümlik.
 
 RYZWAN
 Jennetiň bir ady.
 
 OGŞUK
 Iki ýaşynyň içindäki düýe ýaly aram ogul bolsun.
 
 OGUZ
 Awuz ilkinji süýt.Päk niýet, Oguzhanyň ady.
 
 OMAR
 Dört çaryýaryň biriniň ady.
 
 OSMAN
 Dört çaryýaryň biriniň ady.
 
 ÖDE
 Ata-enäniň , il-günüňtamasyn ödesin.
 
 ÖRE
 Örlesin,keselinden gutarlsyn.(soňradan dakylan at).
 
 ÖWEÇ
 Üç ýaşyna giren goýun.Mally-döwletli bolsun.
 
 ÖWEZ
 Öwezine gelen.Bäbekleri durmaýan maşgalalarda dakylýar.
 
 PELEŇ
 Peleň-ýolbars ýaly güýçli-haýbatly bolsun.
 
 PENA
 Maşgalanyň-iliň penasy bolsun.
 
 PIGAM
 Peýgam, habar,sargyt,buşluk.
 
 PIHI
 Pygamyň gysgalan görnüşi.
 
 POLAT
 Polat ýaly berk janly we sagdyn bolsun.
 
 RAHYM
 Abdulrahym(Allahnyň guly).rehimli.
 
 RAHMAN
 Abdulrahman(Allahnyň guly).rehimli.
 
 RAHMET
 
 Ýüka ýürekli, rehim etmek.
 
 REJEP
 Erejep.Gamary aýyň7-njisi.
 
 RESUL
 Ilçi, pygambar.
 
 REŞIT
 Akylly, akly kemala ýeten.
 
 RYZZAK
 Abdyryzzak(Allahnyň guly).Ryzk beriji.
 
 RYZA
 Kanagatly.12-nji imamiň 8-njisi.Razy bolmak.
 
 RÖWŞEN
 Nurana,ýaldurawuk.
 
 SAÇLY
 Uzyn saçly dünýä gelen gyz.
 
 SADAR
 Gymmatly daş ,eziz gyz.
 
 SARYÝA
 Saryýagyz-owadan gyz.
 
 SÄHER
 Säherde-daňdan dünýä gelen gyz.
 
 SELBI
 Serw agajy.Serwi boýly owadan gyz bolsun.
 
 SELIMÄ
 Sagdyn-kemsiz gyz bolsun.
 
 SENEM
 Owdan ,söýgüli, gözel gyz bolsun.
 
 SOLMAZ
 Solmasyn,elmydama ter bolsun.
 
 SOLTAN
 Saltan,padyşah,häkim,atly-abraýly.
 
 SONA
 Ýaşylbaş , owdan ördek,görmegöý gyz.
 
 SONAŞ
 Sona sözi bilen gelýän goşma at.
 
 SÜLGÜN
 Owadan-görmegöý,ajaýyp gyz.Meydan towugy.
 
 SÜMBÜL
 Sünbül,gowy isli ösümlik.Gül ady.
 
 SURAÝ
 Ülker yyldyzyň ady.Parlak gyz.
 
 ŞEKER
 Şeker-gand ýaly süýji-ýakymly gyz bolsun.
 
 ŞEMŞAD
 Şemşad,gaty, sagdyn hem owadan agajyň ady.
 
 ŞIRIN
 Süýji,datly,tagamly.
 
 SADYK
 Wepaly;dogurçyl,göni.
 
 SAHY
 Eli açyk, jomart.
 
 SAID
 Bagtly oglan.(saide:bagtly gyz).
 
 SALYH
 Abdulsalyh(Allahnyň guly). Ýagşylyk, dogurçyl.
 
 SANJAR
 Duşmanlary sançýan,ýeňýän, ogul bolsun.Ýeňer.
 
 SAPA
 Safa,rahat.
 
 SARY
 Saryýagyz gelşikli oglan,Saryk taýpasynyň ady.
 
 SATLYK
 Çagalary durmaýan maşgalalarda ,satyn alýan ýaly ad dakylýar.
 
 SAÝAT
 Türkmen taýpasynyň ady.Seýýadyňgysgalan görnüşi.
 
 SAÝLAW
 Saýlaw güni dünýä gelen oglan(Täze at).
 
 SELJUK
 Oguz Türkmenleriň uly serdaryň ady.
 
 SELIM
 Sagdyn-kemsiz oglan.
 
 SENA
 Öwgi, doga,alkyş.
 
 SERDAR
 Başlyk, ýolbaşçy.
 
 SETDAR
 Abdulsetdar(Allahnyň guly).Günäniň üstüni ýapyjy.
 
 SEÝDI
 Seýit,aňyrlaryny pygambardan alýan toparyň ady.
 
 SEÝFULLAH
 Allahnyň gylyji.
 
 SÖÝEG
 Daýanç,direg,kömekçi. Ata-enesiniň daýanjy bolsun.
 
 SÖÝÜNÇALI
 Söýündiren,begendiren, belent derejeli oglan.
 
 SÖZEN
 Çöl ösümligi ýaly bolsun,köp ýaşasyn.
 
 SUMBAR
 Sumbar derýasynyň ady.Şol derýanyň kenarynda dünýä gelýän.
 
 SUBHAN(SUWHAN)
 Öwgi,Söhrat.Allah tagalanyň ady.
 
 SÜLEÝMAN
 Ýer ýüzündäki hemme haýwanlaryň dilini aňlan pygambar.
 
 ŞÄHER
 Şäherde dünýä gelen oglan.
 
 ŞEÝDA
 Hetden aş aşyk, däli.
 
 ŞIR-ŞIRI
 Şir-ýolbar.
 
 ŞIRLI
 Şir sözi bilen gelýän atlaryň gysga görnüşi.
 
 ŞÖHRAT
 Şöhratly, at-abraýly,meşhur oglan bolsun.
 
 TAWUS
 Tawus guş ýaly owadan-görmegöý gyz bolsun.
 
 TÄZEGÜL
 Ter-täze gül ýaly owadan gyz bolsun.
 
 TOGTA
 Togtasyn, dursun,ölmesin,kän ýaşasyn.
 
 TOGTAGÜL
 Gözel
 gyz togtasyn, ölmesin.
 
 TOKAR
 Keýgiň owlugy ýaly gözel gyz bolsun.
 
 TOTAÝ
 Gyz-aýal atlarnyň goşma ady, Hormatly abraýly bolsun.
 
 TOTY
 Toty guş ýaly owadan bolsun.
 
 TOWŞAN
 Ýüwrük,ýyldyrym bolsun, duşmana ýetdirmesin.
 
 TUMAR
 Hormatly owadan gyz bolsun.
 
 TURAN
 Gadymy Türk ýürdy.(Iran-Turan).
 
 ÜLKER
 Ülker ýyldyzy,(süreýýa) ýaly parlak gyz bolsun.
 
 ÝILDYZ
 Ýyldyz ýaly parlak owadan gyz bolsun.
 
 ÝÜPEK
 Ýüpek ýaly ýumşak owadan gyz bolsun.
 
 ZÖHRE
 Ýyldyz ady bolup,şol ýaly parlasyn diýen arzuw.
 
 TOÝ-TOÝLY
 Toý güni dünýä gelen toýy kän bolsun.
 
 TUWAK
 
 Ýüzi perdeli-örtgüli gelen gyz-oglan. Goşma at.
 
 TAGY
 Tagwa, dindar.Daýy sözüniň gadymy görnüşi.
 
 TAHYR
 Arassa- päk.
 
 TAÝMAZ
 Aýagy taýmasyn, sürüşmesin, kän ýaşasyn.
 
 TÄŞLI
 Täçli ulalsyn, at-abraýly bolsun. Goşma at.
 
 TEJEN
 Tejende dünýä gelen oglan.
 
 TIRKEŞ
 Tirkeşsin, kän oglan bolsun.
 
 TORGAÝ
 Torgaý guş ýaly görmegöý bolsun.
 
 TORUM
 Köşek ýaly aram , mally-döwletli bolsun.
 
 TOÝÇY
 Toý tutsun,toýy köp bolsun.
 
 TÖRE
 Baştutan, başlyk.Urp-adat.
 
 UGUR
 Bagt, maksat, tarap, şans.
 
 UMID
 Umid-tmany ödejek oglan bolsun.
 
 WELLEK
 Weli sözi bilen gelýän atlaryň gysga görnüşi.
 
 ÝAGMYR
 Ýagyş ýagan mahaly dünýä gelen oglan.
 
 ÝAHÝA
 Ýahýa pygambaryň ady dakylan oglan.
 
 ÝALKYM
 Ýalkymla-nurly. Nurana oglan bolsun.
 
 ÝARAN
 Ýar sözüniň köplük görnüşi.
 
 ÝAŞAR
 Kän ýaşar, ölmez.
 
 ÝYLDYRYM
 Ýyldyrym ýaly çalasyn-ýykdam bolsun.
 
 ÝYLGAÝ
 Bir Türkmen tiresiniň ady.
 
 ÝUNUS
 Kepder-gögerçin. Ýunus pygambaryň ady.
 
 ÝUSUP
 Ýusup-Ýakup pygambaryň ady.
- 
                duygur
                13 years ago
                
- Mähri at namani anlatyar?
- 
                ependi
                13 years ago
                
- bizinkenem yazynda 
- 
                smile9
                13 years ago
                
- yetireniň üçin sagja bol.
- 
                hakykygyz
                13 years ago
                
- sagja bola
- 
                handsome1
                13 years ago
                
- ceshmani gorkezmandirna.
 cheshme: www.turkmenkultur.com
- 
                handsome1
                13 years ago
                
- sizem sagbolun
- 
                Bravo
                13 years ago
                
- 1zatlar edp ýatyp turdy ýaly atlara ýok eken hernä. (awtora minnetdarlyk bildirýän smaýlik)
- 
                Perhat Sabirovv
                5 years ago
                
- Meniñ adym yok ekeni
handsome1 13 years ago- BAGDA	
 
 
 
 
 
 
 
 
 
 
 
 
 
 
 
 
 
 
 
 
 
 
 
 
 
 
 
 
 
 
 
 
 
 
 
 
 
 
 
Bagdagül diýen adyň gysgalan görnüşi
BAGTY
Bagtygül diýen adyň gysgalan görnüşi.
BAHAR
Baharda (ýazda) dünýä gelen gyz.
BAHARGÜL
Baharyň güli ýaly owadan gyz bolsun.
BÄGÜL
Bägül ýaly gözel gyz bolsun.
BIBI
Hormatly, abraý gyz bolsun.Hormatly aýala aýdylýar.
BIBINIÝAZ
Dilenip-ýalbarlyp alynan gyz.
BIBISARA
Hormatly, abraýly gyz bolsun.
BIKE
Hormatly uly derejeli gyz bolsun.
BAÝJAN
Baý hem jana ýakymly gyz-oglan bolsun
BAÝRAM
Baýramda- Aýd güni dünýä gelen çaga.
BABA
Babasynyň ady dakylan oglan.Baba bolsun.
BABAJAN
Babasynyň jany.
BABAHAN
Babasynyň Han ogly.
BABAYR
Bäbiyr,(Ýolbars, Peleň) ýaly güýçli bolsun.
BAGTYÝAR
Bagty ýary bolsun.
BAKY
Köp ýaşasyn diýip arzuw edilen oglan.
BALKAN
Balkan-da dünýä gelen-Balkan dagynyň ady dakylan.
BATYR
Bahadyr, ýürekli oglan bolsun.
BAÝAR
Baý-Döwletli oglan bolsun.
BAÝLY
Baý-Döwletli oglan bolsun.
BAÝRY
Baý hem tejribeli oglan bolsun.Agyzly oglan
BAZAR
Bazar(ýekşenbe) güni dünýä gelen oglan.
BÄŞIM
Bäşinji perzend.
BEGÇE-BEGENÇ
Abraýly.Kiçijik beg-begendiren oglan bolsun.
BORJAK
Çöl ösümligi,çöl copi ýaly kän bolsun.
BÖKE
Pälwan-Güýçli bolsun.
BUGRA
Iki Örküçli düýe ýaly ederman bolsun.
BURKAZ
Bir Türkmen urugynyň ady.