Türkiýäň Galatasaraý futbol klubynda oýnan döwründe UEFA-nyň kubogyny eýýelän ruminiýaly futbolçy Popesku 1995 we 1997-nji ýyllarda Barselonanyň eşigini geýip kapitanlyga çenli barypdy. Real Madridlilere ýakynlygy bilen tanalýan AS gazedine Messi bilen Ronaldo deňeşdirmesine öz pikirini aýdan Popesku: - Ronaldonyň Messiden güýçlidigini dawa etmek üçin güýçli Realyň tarapdary bolmak gerek. Ikisini deňeşdirmek mümkinem däl. Ronaldo gowy oýunçy, ýöne Messi bilen deňeşdirip bolmaz. Bir tarapda Messi bar beýleki tarapda bütin futbolistler bar. Ronaldoda Argentinaly ýyldyzyň oýny gazanma tejribesi ýok - diýip interwýu berdi.

Köneler, messibet tarapyndan 11 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir