Söýgüli,Pygamberimiz Ýaradylysh we ahlak tarapdan ynsanlaryñ iñ üstünidi.Ähli Pygamberleriñ iñ gözeli Oldy.Boýny uzyn we kümüsh kibi sap,omuzlary we we çiginleri galyñ,barmaklary uzyndy. Özi semiz däldi.Uzyna ýakyn orta boýly,güýçli we kuwatlydy. Mübärek bedeni ýüpekden-de ýumshakdy.Ýüzi çalaja tegelegräk,gashlary hilal kibidi.Kirpikleri uzyn,gözleri gara,uly we soñ derejede gözeldi.Ýüzi gül kibi,gyrmyza golaý ak we nurana,açyk we ýagtydy.Dishleri dürler kibi akdy,geplän wagty alyn dishlerinden nurlar saçylar,gülen wagty agzynda yshyklar (shöhleler) ýagtylanandyr öýdülerdi.Saçlary gaty bir buýra-da däl,gaty bir ýazgyn hem däldi. Melemtil ýumshak saçlary bardy.Sakgaly gür we doludy.Uzyn däldi.Jisimi gözel,ysy hoshdy.Hoshboý ysly gül suwlaryny sepinsin sepinmesin,teni we deri iñ gözel yslardan hem has gözel yslydy.Mübärek eli bilen bir çaganyñ bashyny sypalasa,ol çaga beýlekileriñ arasyndan derrew saýlanar,belli bolardy. Doglanda sünnetli halda we göbegi kesik halda doglupdy.Örän uzakdan eshider,hiç kimiñ görüp bilmejek aralygyndan görerdi,bir ýere giden wagty sagyna,soluna bakyp ýöremezdi,salykatly we çalasyn gadam urardy.Ýüzünde-nur,sözünde-kuwwat,dilinde bir gözellik bardy.Her siniñ aklyna görä söz sözlär,her kese güler ýüz bererdi.Kimsäniñ sözüni ýarpasyndan bölmez,özüni gödek ýa gylyksyz alyp barmaz,salyhatly ýa$ardy.(1-nji bölümiñ soñy)

Köneler, michaeljeckson tarapyndan 11 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir