yene bu gunem men seni kuysedim... aslynda hemishe men seni kuyseyan, yanymda dal wagtlaryna has beter kuyseyan. emma bar duyyan duygularymy sana aydyp bilemok. bilsen men bir gunlik tutdym. ol gunlige dine sen hakda eden pikirlerimi, gowun yuwurtmelerimi, senin bilen baglanyshykly ahli arzuw umudy yazdym. bir gorup otyrsam 5 yylyn ichinde sen hakda pikir etmedik yekeje gunumem yok eken. ol gunlugim sen mana biz indi bile bolmarys diyen gununden son zynylypdy emma shu gun men ol gunlugimi totanlikden tapdym. tapyp yekeme-yeke sahypalaryny gecirip okap bashladym gor nahili duydulandyryjy yazgylar. hatymam sunnalenip cekilen keshde yaly, emma shu gunlikdaki yeke sozlerem sana aydylmadyk sozler. asyl bizin soygimiz nahili soygi? hakyky sessiz soygi diyilyani bolaymasa... biz dine gozlerimiz bilen dushunishyaris,birek birege yeke gayrym soz diyip bilemzok, hatda salamlashanymyzdada yere girayjek bolyarys. men senden bashga ahli oglan tanyshlarym dostlarym bilen abede-cube emma sana gezek gelende name etjegimi bilemok. wah kellamde sen hakda pikirler gaty kan emma hicisinem soze gecirip bilemok. sen hey goz onune getirip gordunmi, meni ozge oglan bilen gormek, ozge yigidin oyunde gelin bolup oturanymy??? getirip gor, goni shol bada gabanmana bashlarsyn cunki sen meni men seni soyshumdenem beter soyyanini bilyan. ony senin balkyldap duran gonur gozlerin aydyar. bilshimce goz yurekden goni gelyan ayna. ol gozler hemishe mana bakanda men seni soyyan diyip duran yaly... onda name uchin sen mana "biz hic bile bolmarys diydin...????" hacanda men yene 5 yyl bolsun ya 10 yyl bolsun men sana garashmana tayyn diyemde sen" yok men sana bosh yere umyt bermayin, bu durmush hindi kinosy dal. bar islegin bolup duranok, shol sebapden meni unutsan gowy bolar diydin" beyle diyip sen meni ozunden dashlashdyraryn oytdunmi??? yok gadyrdan gaytam tersine sen meni ozune yupsiz bagladyn. men kop synanyshdym seni unutmana hatda sen ornuny tutjak adamam gozledim emma gownume dunyade nace erkek gobekli bar bolsada olaryn hijisi sen ornuny tutmajak yaly , yaly diyyan emma bu hakykat hic birem sen ornuny tutmaz. eger men ozge yigide baramda sen name edersin shony pikirlenip gordunmi? eger men sen ornunda bolsam gabanmakdan ozumi helaklardim, cunki men hic durmushymy sensiz goz onunede getirip gormandim, asla seni heyy bir wagt ozge gyz bilen paylashmaly bolaryn diyen pikir yatsam tursam oyumada gelmedi. men ony hic islemezdim. mana diyseler sen yuz yyl bagtly yasharsyn emma deregine seni unutmaly diyip, men goni yok diyerin, cunki yuz yyllyk sensiz bagtly omur kulpetli bolsada birje gun senli omure degmez. yenede bir gun gelip menden sorasalar:"hacan sen ony soymegini bes etjek?" men diyerin hacanda allama tabshyrmaly amanadymy tabshyran gunim. shona cenli men dine seni soyup gezerin. kellamde mun pikir bar, hacanda doly jemlamde yorite sana bagyshlap hat yazaryn, onam gunlerin bir guni hokman sana gowshuraryn. soz beryan!

Köneler, heartbreaker tarapyndan 11 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir