Bagyşla, göz ýaşlarymy saklajak bolmaýanyma. Bu göz ýaşlary şatlyk göz ýaşy ahyry. Dünýadaki iň şadýyan göz ýaşlary. Seniň gözleriňe seredýän welin aşyk oglany görýän. Seniň aşyk bakyşyňy duýmany halaýan, ýylgyrşyňy. Gözleriň hemme duyýgularyňy maňa bakyşyň bilen geçirip bilyan… wah… şadyýankaň, olar şeyle bir yşyk berýaler, gaharlykan, aşak seredýan, gynançly duýgylan, dünýäde bu gynançly gözlerden başgasy ýok… Güýz ýadyňa düşýämi? Şemally gün ellerimizden tutup ýolda ýöräp barýadyk. Şol wagt birden durup, ýylgyryp meniň şarfymy düzeltdiň, soňam ýüzüň bir üytgedi, maňa ýakynlaşdyň we dodaklarymyz birleşdi. Hiç ýatdan çykarmaryn. Şonça kän duýgularyn geçdi welin sözlemäge sözüm ýetmedi. Ol gün hem ähli zady üýtgetdi. Seniň bilen hiç wagt söýgi hakda gürrün etmedik. Sen hiç wagt maňa söýýaniňi aýtmadyň. Mende bolsa bir gezek sypdy, ýadymda. Şonda düşündim, sözler hiçzat aňladanok. Men bilýän söýülýändigimi; duýan!!! Şeyle bir duýgularyň barka, nä gerek aýdyp durmak, sözler bilen geçirip bolanok! Ikimiz bir ýere garap, ençe sagatlap ümsüm oturup bilýäs; dünýäde ikimizi tapanymyza biziň tanyşlarymyz bize ‘jigi-dogan’ diýýaler. Ol şol seniň doglan günüňden soň. Daşarda erbet ýagyş ýagýardy. Men bolsa duýgularymy saklap bilmän şatlykdan aglamana çykdym daşary. Sen bolsa ketje gyzlar yaly meni boýnuna alyp yzyňa öýe alyp girdiň. Baý gülýadimaý, seniň bolsa bar aladaň meniň öl saçymy guratmakdy .. Allajan, men sana şeyle bir aşyk! Şu wagt bolsa sen meniň öňümde. Seniň suratyň… ol gün yadymda, seni surata alyşym. ‘Surata düşmäni halamok, ol aýrylygy getirýär’ diyipdin. Ýöne men seni yryp bildim. Men diydim; ‘maňa gara, edil ýüregime seredýän ýaly’. Men ol suraty plakat görnüşinde çykardyp ýatýanja ýerimiň ýanynda asdym. Indi bolsa sen meniň ukymy goraýan. Men umytly, ol seni yza dolandyrar. Men öran az ýatyan, seniň öleniňden bäri… Men bilýädim, seniň kesellidigi, ýöne men soňuna çenli umytlydym. Sebäbi sen şeyle bir gülkünç, her wagt herkimi goldaýadyň, sende şeyle bir owadan ýürek bardy. Men seni ýaraly görüp hem bilemokdym. Sen şeyle bir ýaşaýyşa höwes beriji, men herwagt seniň ýüzüňe seretmani halaýadym. Sen herkimden gowy! Sen meniň ýanyma ylgap gelip, elimden tutyp, denize alyp gitdiň. Bilip öz ýüzümi doňdyrma bilen hapaladym, sen bolsa ony ýalap goýberdiň. Soň bolsa birden yüzüňi aşak salladyň… Hemme wagt, hemme günler, biri-biri bilen baglanyşykly, hemmesi ýatdan çykarylmajak ýaly. Men öň adamlaryň biri- birine şeyle baglanyşykly bolup biljegini hem piker edemokdym. Sen meniň ýarym. Herkimem ony görýädi. Senden öň men ýaşamokdymam. Bagyşla, men aglayan… Men saňa söz beripdim eliňi tutup durkam. Hassahanada… Ýaşamaga, dowam etjegime. Men synanyşýan… Ýöne bu kyn sensiz. Hawa, sen meniň bilen. Sen ýene- de meni suwa atýaň, biz ýene-de gülüşýäs… Ynha, men bu düýşlerden gorkýan. Olar her gezek erbetlik bilen gutarýalar. Bir düýşde, men seni öli görüpdim. Sen balkondan özüňi oklaýaň. Seniň gorkyly gözleriň… hiç pikir etmändim seniň gözleriňe seredemde ýigrenç dörejegine. Men suwa girip çykan ýaly derläp oýanypdym gygyryp “ÝOK! ÝOK!!!” Ejem şonda gelip meni gujagynda tutup ýatyrypdy. Şol wakadan son biri-birimize has hem ýakyn bolduk. Şeyle bir ýüregim agyrýar, Şeyle bir içimden urýar. Senin ýylylygyn gerek maňa, seni eşitmeýanime, indi seniň gülkiňi eşitmejegime, bir marekede meniň gulagyma ‘ýör ikiçak bolup biljek ýere gideli’ diyen sözlerini eşitmejegime gorkýan. Bagyşla, men beyle aytmaly dal, ýöne ÖLENIŇI öwrenemde, meniň ilkinji eden pikirim; seniň yzyndan gitmek boldy. Meniň ýarym ayryldy… Men nahili boljagymy bilemokdym. Gygyrasym gelýädi, ýöne bary ýogy gözümden ýaşlar akýady. Şu wagt bolsa, seniň suratyňy elimde saklap durkam, pikir etýan, seniň dogry aydanyňy, surata duşmejek bolanyňy. Belki surata almadyk bolsam, bu zatlar hem bolmazdy…

Köneler, Makestm tarapyndan 11 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir