....Meniň öňümde ençeme bigünä bendeleriň täleýini tersine öwüren tomlaryň on üç sanysy dur. Ýöne nomerleri boýunça olaryň sany on bäş bolmalydy. Olaryň galyňlaram, orta galyňlykdakysam, ýukalaram bar. Emma galyňlary ýukalaryndan köp. Göwnüme bolmasa, olaryň sahypalaryny agdaryp ugranymdan soň bir-iki sagat geçip geçmänkä biri gelip "bagyşlaň" diýip, olary alyp ötägidäýjek ýalydy. Gelip alyp giden bolmady. Wagt geçenligi sebäpli solup giden sahypalary, göýä diýersiň, iriň kültan köne ýara elimi degiren ýaly örän seresaplylyk bilen agtarýaryn. Göwnüme bolmasa, syýa bilen, galam bilen, maşynka bilen ýazylan her bir setririň aňyrsyndan iňňildi, gaýgy-hesret, söz bilen beýan edip bolmajak ahy nala eşdilýän ýalydy......

Köneler, 1merdan tarapyndan 11 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir