Salam agzalar, sag-amanja gezip ýörsiñizmi? Bu meseläni orta atasymam gelenok welin, belki habaryñyzam bardyrlaý. Soñky wagtlar ýagny 2-3 gün bäri biziñ gözel Türkmenistanymyzda produktalar ýagny bazarlarymyzda çöregiñ, mal etiniñ bahalary gymmatlady, mysal üçin öñki 1 manatlyk çöreklerimiz 2 manada geldi, a mal etleri bolsa 12 (70müñ) manatdan, 20-i ýagny (100 müñ) manada geldi. Men bu temany ýamanlamak niýet bilen ýazamok, emma näme sebäpden şeýle bahalara galýandygyna haýran galýan, ýogsa bugdaý dänesi, mal-garalar özümizde önýär. Bolýa bahalarynyñ galanam hiç diýeli, ýöne aýlyklarama köpelip baranok. Adamlar etsiz, çöreksiz oñubama bilenok, ýa aýlygynyñ bar puluny produkta çykdajy etmelimi?

Köneler, Dirol tarapyndan 11 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir