Hol gunki geçen Italiya-Germaniya oynundan kopunizin habarynyz bardyr ildeshler, oyun oran çekeleshikli yagdayda geçdi Nemislerin hujumi bilen bashlan oyun Italiyanlaryn yenmegi bilen gutardy. Zor oyun boldy, soz yok. 20-nji minutda hasaby acmagy basharan Bolatelli 35-nji minutda nemislerin agzyny uçuklatdy, oyny duypgoter Italiyanlaryn ele almagyna getirdi. Nemisler shondan son tijenip bashladylar yone eyyam bu giçdi. Italiyanlara her gezekki uryan zarbalaryny Buffon keypine, çagalaryn depen pokgulerini yzyna gaytaryp durshy yaly arkaýynlyk bilen yzyna gaytarmagy bashardy Oyunyn kop yerlerine uns beren bolsanyz nemisler gaty karam oynap ugradylar, Italiyanlan koyneginden çekip yada iteklap bolmajysy boldular. Emin hem bu yagdaylara kan bash galdyrmady, sebap (her gezek eminlerem nemislerin tarapdary bolyar, shuny bellap goyun ) gormezlige saldy. Birinji goluny tora sallan Balotelli ikinji golunda begenjine çydap bilman maykasyny çykardy, emin hem "oyunda maykany çykarmaga hakyn yok, bu yeri mamanlar dal" diyip sary kartoçkany Balotella yelmedi. Elbetde, sary kartoçka almagyn bir duzguni bar: eger sen shu oyunda cary alsan, indiki oyunda hem birje sary alsan, onda sonynkady oyna çykyp bilmeyan. Eger bir oyunda iki gezek sary alsan shol oyunda stadion bilen hoshlashmaly bolyan, komanda-da bir adam sany az bolyar. Balotelli pikir edendir: yene bir oyun galdy, alamda-almamda namay" diyip.. Buda bolup biler. Yone sport synçylarynyn pikirine gora: "Balotelli indiki final oynunda yene 1 gol tora sallaysa, onda ol bashgarak eshiginem çykarar" diyip çaklayarlar Indi gaydyp gelelin esasy gurrune, nemislerin 90 minutlap her gezekki uryan hujumli zarbalary showsuz tamamlanyp baryardy. Komandalarynyn utulyanyna gahary gelen nemis waratalistinin ozi hem durup bilman hujume bashlady. Italiyanlaryn derwesine çenli baryp pokgi depip ugrady. Entegem trenerleri: "kellan yokmy, yzyna gayt waratana" diymedik bolsa, ol oyna gyzygyp waratasyny asla yatdan çykarjakdy Yone shonda-da ol, orta polyada ozune tarap gelyan pokguleri susup arkaýynlyk bilen yzyna gaytaryp durdy. 90-njy minutda ahyry italiyanlar: "gelay shu nemislenem gowni galmasyn, oyun barybir gutardy, utduga biz" diyip, oyunçylarynyn biri jerime meydançada pokguni ellan boldy. Muna begenen nemisler 1-goly jerime meydançasynda pokguni urup gol geçirdiler. Gowja syn eden bolsanyz, shol jerime urgyny Buffon gapybam bilyardi, ol eyyam pokgi haysy tarapa urlan bolsa sho tarapa bokdem, emma tutmadyk boldy sebabi nemislen gowni uçin bir goly olara podarka berdiler. Umuman oyun gyzykly boldy, dushunensinizle Aytjak bolyanym, indiki final oyny hakda kim nahili pikirde. Men bu temany prognoz ligasyny goymak uçin yazamokda, oz pikir-synynyzy yazyp bilersiniz. Prognoz ligasyny goymak uçin Messibetin temasyna girip goyup bilersiniz. Shu gun aygytlayj oyun Ispaniya-Italiya haysy utarka, gyzykly oynun boljagy hemma malim

Köneler, Yegen tarapyndan 11 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir