Körelen gözlermiz nämeler görýär? Süñksiz diller öwrenshipdir telege! Ýoklukdan barlyga, barlykdan ýoga ýeketäk "gapydyr" diýdik pelege. | Biri gara ishden tapynýar çörek, Galstukly gol çekýär puluñ ugrunda. Bir bushlap ogul toýun toýlaýar, Biri nala çekýär çaga gubrunda. | Filosofik pikirlerde ýüzsekde $eytan eýeläpdir ganly damary. Bu gün manat bilen oñýan adamzat Erte dollar bilen doýmaz damagy. | Biri dañdan turup ertesin okar Alkysh aydar, $ükür eder dili dilegli. Biri gözün açyp añshyryp bilmez ýatanyny görüp $ere dolagly. | Biri müñler berip student bolar Zehinli düñderler körzehin deýin. Biri Gün deý yagty saçsa durmushda Birin tümlük bogar ýerzemin deýin. | Biri söýer ashygyny ezizläp, Kök urar daragt deý, bagta çyrmashar. Biri bolsa söýgüsini pynhanlap, Söýlüp bilmän ýene wagta syrgoshar. | Pelekde süýji az, ajy bimöçber, Durmush bize ezýet berip gurplanan. Döwülen göwünler kä-te gülsede Eýýam olar keç ýazgyda gulplanan!

Köneler, Shahyrjyk tarapyndan 11 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir