Duman göterildi goja daglardan, Çopan ýaýlalary özgertdi görkün. Güller hoşboý yslar kükäp bar ýerden, Arzuwlara batyp, oýlanýar her kim. Ýigrim bäş ýaşlylar göz aýlap ýaýla, Kalbynda akdyrsa söýgi derýasyn, Ak sakgal gojalar seredip aýna, Yzyna çagyrýar on sekiz ýaşyn. Gök asmandan nem ýerine nur inýär, Gursaga syganok joşgunly göwün. Begres don geýinen parahat dünýä Bir owadan gyza öwrüldi bu gün. Gözýetim çekilip uzakdan-uzak, Derýalar, çeşmeler özgertdi görkün. Nämüçindir şeýle bolýar her gezek, Arzuwa beslenip, oýlanýar her kim. Maýyl maý getirýär gyzyl gülleri, Maýyl maý eçilýär wagtyhoşlugy. Goý, dünýäni gözel etsin Maý ýaly Dünýä ynsanlarynyň raýdaşlygyny! Halyl Kulyýew

Köneler, ashykoglan tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir