bir gyzjagazyň şardan gorkýanyny eşidip bir bada geň galdym. heýem şardan gorkularmy? çagaň gowy görüp oýnaýan zady şar dälmi näme? emma, ojagaz hakykatdan şardan gorkýan eken. şary gördügi, götünjekläp, aglamaga başlaýar. ejesi, çagaň bir şary oýnap ýörkä gujagynda ýarylanyny, şondan bärem şardan gorkýanyny aýdyp öýdäki şarlaryň ýellerini goýberişdirdi. men gyzjagazy gujagyma aldym. öz çagalygym ýadyma düşüp gitdi... bizem ähli çagalar ýaly, kiçijikkäk elden düşürilmän göterilýän çagalar ekenik. üstesine-de ekiz oglanjyklar. ýadyma düşýär, bir ýaşuly goňşymyz bardy, çagalary dişlemäni gowy görerdi. gaty dişlemese-de gowja awundyrardy. şony görsek gaçar ýörerdik. mende hatda ähli ak sakal ýaşulylar şeýledir diýen gorkam döräpdi. beýle däldigine derrew düşünsemem, ýaşuly adamlardan çekinibiräk oturanymy kem görmezdim. bu häsiýedim, dogrusy, gorkaklygym üçin maňa akyllyja, ýuwaşja-da diýerdiler... soň ýaşulylardan birisi: «goşaryňda sagat ýasap bereýinmi?» diýdi. menem uly adamlar ýaly sagatly bolmak höwesi bilen golumy oňa uzatdym. ol goşarymdan gowy edip dişledi. goşarymda dym-gyzyl bolup, dişleriniň yzy tegelenip durdy. aglabam bilmedim, ol welin gülýärdi... ýene bir gün, eýýäm eslije oglankam dostumdan toýa geýjek diýip diläp penjegini aldym. toýdan soň öýe gelsem dostum ýüzi salyk, köçämizde dur. näme boldy diýsem, ilki sesini çykarmady. egnimden penjegini aldy-da öýlerine ugrady. soň bilip galdym, maňa penjegini bereni üçin ejesi gowja suwuna degen eken. bu wakadan soň dostlugymyz uzak gitmedi. häzirem, ýolda-yzda, toýda-tomguda salamlaşyp oňýas... ýene bir gezek gülüşip otyrdyk. köpçüligiň kimem bolsa biriniň üstünden düşmek, onuň her bolşundan gülki ýasamak häsiýedi bolýar. şol gezegem şeýleräk bir işdeş ýoldaşymyzyň üstünden düşülipdi. iň soňky degişmäni men aýtdym. ol erbet gaty görüp, maňa: «menem bir üstüňden gülerin welin, şu taýdan aglap gidersiň» diýdi. onuň bu sözüne gülen bolsamam, näme jogap berjegimi bilmedim... başga bir gezegem uly wezipede işleýän birine dostumdyr öýdüp ýördüm. kabinetine liftli çykylýar. çykdym. pete-pet geldi. zordan salamlaşdy. ol aşak düşmekçi eken. «olar ýaly bolsa bile aşak düşeli, ýolda görüşsegem bolýar» diýdim. «ýok, ýolda-da görüşere ýagdaýym ýok, işim gaty köp» diýdi. on üçünji gatdan aşak gaçan ýaly boldum, liftsiz. ýene gaharyňy ýuwutmak hakynda pygamber serwerimiziň aýdanlary ýadyma düşüp syr bermedim... şeýde-şeýde gör näçe gezek gujagymda şarlar ýaryldy. her gezek hiç zat bolmady diýemde agzym uçuklar giderdi. ýene bir şaryň gujagymda ýarylaryndan gorkyma töweregime howatyrly garar ýörerdim. eger mydama şeýle bolup duran bolsady, düşnükli zat, däliräp düze çykybermeli bolardym. ýöne, dünýe bu ýerde-de, deňagramlylygyny saklap bildi. başga bir ýaşuly bardy, ilerimizdäki köçeden. gözleri sokur kördi. hasasyny tyrkyldadyp, şonda-da mydam ýoldady. bize köp gelerdi. ekiz oglanjyklaryň hersini bir dyzynda oturdyp, bize ilki «kulhuallany» öwreden şol ýaşulydy. şeýle bir başymyzdan sypardy, şeýle bir öwrenenlerimizi köp gaýtalatdyrardy... hem sokur gözlerini bizden aýyrmazdy... ýene-de bir dostum bardy, hak dost diýilýän. şol gülüşip oturan,  dilimi dişlemeli bolan gezegim olam aramyzdady. şonda onuňam ýüzi boz-ýaz bolupdy. gülkiň arasynda oňa-da biri bir zatlar diýendir öýtdüm. nämä keýpiniň bozulanyna düşünibem ýetişmändim. birdenem ol hälki üstünden gülünýäne: «menem bir üstüňden gülerin welin, sen şu taýdan aglap gitmäge-de ýaramarsyň» diýdi. ony zordan saklap ýetişdik. baryna düşünip, liftsiz çykypdym on üçünji gata. dogrusy, bägül ýaly durmuş bu. tikenine barmagyňy ýaralatsaň, özüňden öňürti gülüň öz ýaňagynda ýaş durlanýar. şol gözýaşy görmegi başarsaň ýarylan şarça-da ýok, tikenleriň awusy. märekede üstünden gülünýän, şindem ile gülki bolup ýör. on üçünji gatam ýerinde, liftem gatnap dur. meniň barmaýanym bilen, meniň gülmeýänim bilen üýtgän zat ýok. edil şar ýarylan ýaly boş ses çyksa çykandyr... goşarymdan dişläp „sagat edip beren” ýaşulyň kimdigi ýadymdan çykyp gidipdir. ony ýöriteläbem ýadyma salyp bilemok. on üçünji gat bilen liftiň welin, ýadymdan çykmasy kyn bolmagy mümkin. ýöne ony ýadymdan çykaryp bilmesemem, gaýdyp ýatlamajak bolaryn. arman, bizden sokur gözlerini aýyrmaýan kör goňşymyz biz oglankak dünýeden ötüp gitdi. bize-de «kulhualladan» başga zady öwredip ýetişmedi. kim bilýär, iň esasy zady öwretdim hasap edendir, öwredendirem. her ýaşuly şonçasyny öwretsedi, başga näme gerek?! hak dostumam ýalňyz goýup gitdi. ondan beýleki, ondan başga dostlarym her görüşenimizde, bardyklary bilen onuň ýoklugyny ýadyma salýarlar. edil beýleki ýaşulylaryň kör ýaşulyny ýadyma salşy ýaly. ýaňy bir oýnamaga höwes edip elime alan «şarymyň gujagymda ýarylmagyna» durmuşyň taplamagy, durmuşyň tagamy diýen ýaly atlary dakyp ýörün. bar zady delile getirmäge çalyşýan. başga alajymam ýok. islesem islemesem ýüzlerim gasyn atýar, saçlarymam agarýar. doktorlaryň «gaharlanmaly däl, gynanmaly däl, gaty begenemelem däl» diýýänlerini başaryp bilmän kösenip ýörün. ahyrynda şeýle netijä geldim. bizi gaharlandyrýan, gynandyrýan zatlar şaryň ýarylyşy ýaly bir zatlar bolsa, muňa berk düşünmegimiz gerek. şardan gorkýan gyzjagazyňky ýaly, bar ünsüňi şaryň ýaryşlyna berseň, elbetde, gorkunç bolup biler. emma, dünýe şar bilen deňeşdirilende biçak uly hem giň ahyryn. edil şonuň ýaly allahyň razylygy, iman, pygamber serwerimiz bilen deňeşdireniňde dünýäň özi içine ýel berlen, boş şar ýaly bolup galýar. onsoň saňa adamlaryň biriniň goşaryňdan dişläp, biriniň başyňdan sypany hiç zat bolup galýar. olaryň biri hakydaňda galsa, birisi ýadyňdan çykyp gidýär...         gujagymdaky gyzjagazyň şindem gözi töwereginde, bir ýerden ýarylmadyk şaryň çykaryndan howatyr edýär. kim bilýär, enesiniň gözünden sypany bardyr?..  awtory:yhlas amangeldi

Köneler, Merw92 tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir