Atamyrat han Köneürgenç etrabynda ýaşan ýomutlaryň öküz urugynyň gutlubaý tiresinden bolup, ýaş wagtynda Hywa medresesinde bilim alýar. Ol Hywa hanlygynda ýaşaýan türkmenleriň 1855-1867-nji ýyllarda garaşsyzlyk ugrundaky göreşinde baştutanlyk edýär. Türkmenleriň bu gozgalaňy XIX asyrda Orta Aziýada bolan halk hereketleriniň iň ulusydyr. Atamyrat hanyň kakasy Orazmuhammet serdar we agasy Amannyýaz serdar Hywa goşunynyň düzümindäki türkmen nökerlerine baştutanlyk edip, birnäçe gezek harby ýörişlere gatnaşypdyr. Emma Mary etrabyna edilen harby ýörişleriň birinde Amannyýaz serdar milli duýgudaşlyga eýerip, öz türkmenlerine garşy söweşmekden boýun gaçyrandygy üçin, Hywa hany ony beýik minaradan zyňdyryp öldürdipdir. Onsuz-da, türkmenler bilen Hywa hanynyň arasynda ýer-suw meselesi babatda ýiti gapma-garşylyk dowam edýärdi. Bu waka hem üstesine bolýar. Hywa hanynyň eden-etdiligine garşy Atamyrat hanyň ýolbaşçylygynda türkmenler köpçülikleniň baş göterýärler. Sarahs söweşinde (1855) Mädemin han öldürilenden soň, Hywada Abdylla han tagta çykýar. Ol 1855-nji ýylyň maý-awgustynda Hywa hanlygyndaky ýomutlaryň gozgalaňyny basyp ýatyrmak üçin harby ýöriş edýär. Aksaraý, Ýylgynly we Ýekederek diýen ýerlerde bolan harby çaknyşyklarda türkmenleriň birleşen topary Hywa goşunyny derbi-dagyn edýärler we Abdylla hanyň özüni-de öldürýärler. Şu wakadan soň Atamyrat han ýomutlaryň esasy toparynyň baştutany hökmünde ykrar edilýär we onuň abraýy has ýokary galýar. Abdylla han öldürilenden soň, Hywada tagta çykan Gutlymyrat han (1855-1856) türkmenler babatda örän hilegär syýasat alyp barýar. Bu maksady üçinol hatda Ahal, Mary türkmenlerinden-de goldaw tapmagy başarypdyr. 1855-nji ýylyň noýabr-dekabr aýlarynda bolan aýgytly söweşde ýomut, ýemreli, çowdur we beýleki türkmen tire-taýpalary Atamyrat hanyň baştutanlygynda özara birleşip, Hywa goşunyny ýeňýärler. Şondan soň Hywa hanlygynyň bütin demirgazyk-günbatarynda Atamyrat han öz hökümdarlygyny ýöredipdir we türkmenler Hywahanyna tabynlykdan çykypdyrlar. 1856-njy ýylyň fewralynda türkmenleriň goldaw bermeginde Gutlymyrat han hem öz garyndaşy tarapyndan öldürilýär we Hywada tagta 34 ýaşly Seýit Muhammet han (1856-1864) çykýar. Ol türkmenleri ýarag güýji bilen boýun egdirip bilmejegine göz ýetirip, türkmen tire-taýpalarynybiri-birine garşy öjükdirmek syýasatyny alyp barypdyr. Şol bir wagtda-da türkmen, özbek, gazak gozgalaňçylaryna garşy harby güýç ulanypdyr. 1858-nji ýylyň oktýabrynda Atamyrat hanyň kömek bermeginde Goňrat begliginde garagalpak gozgalaňçylary hem ýeňiş gazanýar. Muhammet Pena bolsa Goňratyň hany diýlip ykraredilýär. Hakykatda Goňrat begligi ýomutlaryň 25 sany kethudasy tarapyndan dolandyrylyp, ähli işlere Atamyrat hanyň egindeşi Berdi iňlis ýolbaşçylyk edýär. Ýöne ýomutlar bu ýerde eden-etdilige ýol berip, halkyň närazylygyny döredýär. Bu ýagdaýdan peýdalanyp, Hywa hany Goňrat begligini ýene-de özüne tabyn edýär. Atamyrat han we ony goldaýan toparlar bolsa hiç wagt Hywa hanyna tabyn bolmandyrlar. Emma türkmenler agzala bolansoň, öz maksadynyň amala aşmajagyna-da gowy düşünipdirler. Şonuň üçin Atamyrat han 1858-nji ýylyň tomsunda Hywa hanynyň zulumyna garşy göreşmek üçin patyşa Russiýasyndan ok, ýarag bermeklerini hem-de raýatlyga kabul etmeklerini sorap haýyşnama ýazýar. Emma onuňhaýyşnamasy kanagatlandyrylmaýar. 1865-nji ýylda türkmenleriň barlyşyksyz duşmanySeýit Muhammet Rahym II Hywa tagtyna çykýar. Ol türkmen etraplaryna akýan ýaplaryň suwuny bekläp, olara garşy goşun sürýär. 1866-1867-nji ýyllarda olaryň arasynda harby çaknyşyklar yzygiderli gaýtalanyp durupdyr. Bu agyr ýagdaýdan hiç hili çykalga bolmansoň, Atamyrat han ýene-de patyşa Russiýasyndan howandarlyk isläp, olara birnäçe gezek ýüz tutýar. Ol hem netijesiz gutarýar. Üstesine-de, Hywa hany türkmenlere Hywa bazaryna barmagy we galla satyn almagy gadagan edýär. Bu agyr ýagdaý türkmenleriň belli bir bölegini Hywa hany bilen umumy ylalaşyga gelmäge mejbur edýär. Şeýlelikde, Atamyrat hanyň, Hywa hanynyň sütemine garşy 12 ýyllap alyp baran aýgytly göreşiniň iň soňkusy 1867-nji ýylyň awgustynda basylyp ýatyrylýar. Atamyrat han bolsa Hywa hanyna tabyn bolmagy özüne namys edip, 40 öýli türkmen bilen Balkan etrabyna geçýär. Ol Çelekende ýaşan döwründe rus goşunlarynyň Krasnowodskidäki otrýadynyň naçalnigi bilen ýakyn aragatnaşyk saklapdyr. 1873-nji ýylda patyşa Russiýasynyň goşunlary Hywa hanlygyny basyp alandan soň, Atamyrat han ýene-de öz dogduk mekanyna göçüp barýar we şol ýerde ömrüniň ahyryna çenli ýaşaýar. Atamyrat hanyň uzak ýyllaryň dowamynda alyp baran göreşiniň düýp maksady ähli türkmenleri birleşdirip, Hywa hanynyň zulumyndan azat etmeklikden we olaryň hiç kime garaşsyz, özbaşdak bolmagyny üpjün etmekden ybaratdyr. Emma türkmenleriň bilgeşleýin öjükdirilen özara agzalalygy bu maksady amala aşyrmaga päsgel beripdir. Ýöne türkmen halkynyň bähbidini näçe ileri tutan hem bolsa, ol özüniň Hywada hökümdarlyk etmek maksadyny hem aradan aýyrmandyr.

Köneler, alemdarov tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir