Ependi bir gün Ataköpeklere myhmançylyga barypdyr. Ataköpegem ýaman gysganç diýä. Ependiñ öñüne nahar-çaýy hiç goýar ýerde goýmandyr. Myhmanam: "hä indi saçak ýazylar, hä nahar-çaý äberiler" tamakinçiligi bilen gapa göz dikip oturan. Ataköpegem ahyry bir sagat geçensoñ, Ependiñ öñüne bir çäýnek çaý bilen süýjüli pampazalary goýup, sypaýyçylyk eden bolupdyr: -Ependi aga, hany çaý içiñ bakaly - diýip, çäýnegi myhmanyñ öñüne süýshüripdir. Ependem çaý guýnup, ýañky pampazalardanam birki sanagny agzyna atyp, çaý içmäge bashlapdyr. Ýenede bir sagat geçipdir. Ola nahar eken, naharyñ ysam burnuna gelmese nätjek. Muña gahary gelen Ependi, Ataköpege ajyganny bildirjek bolup, eshitdiribräk pampazalary dishi bilen kytyrdadyp iýip ugrapdyr. Ataköpek seretse pampazalary gutaryp barýar. Myhmanyñ kytyrdadyp pampazalary ýuwdup durshuna gahary gelen Ataköpek: -Myhman, pampazany kytyrdatman sorup iýmeli - diýip, sypaýyçylyk bilen içýakgyç ýüzlenipdir. Ependen onuñ näme diýjek bolýanyna bada-bat düshünip, olam sypaýyçylygy elden bermändir: -Aý, biz bir çölüñ adamsyda Ata aga. Süýji iýmäni nirde gören adam. Men bir ýolagçy kishi, "ýolagçy ýolda ýagshy" diýä. Men turaýyn sag-aman oturyñ Ataköpek aga - diýip, pampazadan artyk zakgunam hödür edilmejegine göz ýetiren Ependi, syr bildirmän hoshlashyp öýüne gaýdypdyr. Ependem, Ataköpegiñ bu eden "hezzet-hormatyny" içinde saklap ýören. "Bir günä seniñem bize aýagyñ düshäýedi-da" diýip gezip ýören. "At basman diýen ýerine ýüz basar" diýleni, Ataköpegem bir gün ýoly düshüp Ependilere myhman bolýar. Ependem gelen myhmany gadyrly garshylap, ony töre geçirýär. Ataköpek shol wagt gaty ajygyp gelen eken. Ependi myhmana ýüzlenip: -Ataköpek aga, häzir garashyñ biraz maña. Men iýer ýaly birzatlar getireýin - diýýärde, gapydan çykyp gidýär. Ependi "geljek" diýip, hiç geler ýerde gelmändir. Ahyry bir sagat geçensoñ, Ependi eli çäýnekli hemde pampazaly jaýa girýär. Ýañky getiren çaý bilen pampazalaryny Ataköpegiñ öñüne süýshürýärde, myhmana içýakgyç, sypaýyçylykly ýüzlenýär: -Alyñ myhman, çaý içiñ bakaly. Biziñ öýümizde süýjüni diñe "kytyrdadyp" iýmelidir. Tä pampazadan garnyñyz doýynça haýdadyberiñ Ataköpek aga...

Köneler, Yegen tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir