Halkyň ruhy baýramy Erik,alma açmyş akja güllerin, Bahar pasly gelenligin buşlaýar. Halkyň şähdi açyk güler yüzlerin, Mymyjak öwüsen şemal sypaýar. Baýram eder türkmen halky şol güni, Sebäp ýaňadandan direler jahan. Ekiş döwri başlangyjy nowruzdyr, çyzgap golun seper tohumun daýhan. Nowruz kinelere ýadyň baýramy, Nowruz söýgilere baýyň baýramy. Ýar yşkynda heser çeken aşygy, Magşuga gowşurýan aýyň baýramy. Gelejege umyt döretýär nowruz, Şineler,pyntyklar ýatlatýar bagty. Agdarlan topragyň ysy bark urýar, Topragyň altyndyr,ýollaryň ýagty. Gutla yüregiňden gaýdan söz bilen, Goý ruhy güyjiň ýaýylsyn sähra. Şol gün ähli türkmen gutlasa kalpdan, Halkyň güýji ykrar ediler barha. Ýazylan wagty:09/03/2012 Nesil gazedinde çap edilen senesi: 20/03/2012 Ýazan: Hazar Rejepow Nowruz Baýramyňyz Gutly Bolsun!

Köneler, Lider tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir