söýgülim, seni ram'ymyň göterip bilmejegi derejede söýýän! zipsiz, zatsyz bolşuň ýaly... seni ilkinji gören badyma formatlandym. maňa şeýle bir sistema transfer etdiň welin, mundan beýläk hiçhili command meni senden aýra salyp bilmez. seniň bilen multimedia-da içinde, her hili mediada bagtly bolup biljegimizi bilýän. seniň megahertz'iň meni oda salýar, bakyşlaryň meni çuňňur scan edýär. saňa doly ynanýaryn, bu hatymy başga hiç kime forward etmejegiňi hem bilýän. men saňa öýlenmekçi. gaýgy etme, hiç nätanyş software'ler bilen aragatnaşygym bolmady. seniň hardware'iňi gaty öwdiler. ýöne bilýänsiň, meniň üçin software owadanlygy hardware owadanlygyndan öňde durýandyr. seniň bilen bile köp köp dvd'ler göreris. saňa toýumyzyň ýyllygyna bagyşlap 24x tizlikli rewritable dvd alyp berjek. gülgüne kysymly case'imiz, içinde-de nur ýalyjak harddisk'jiklerimiz bolar. dynç alyş günlerimizde ikimizem windows explorer bolarys. soňundan bolsa "niredesiň internet..." saňa owadan görünmek üçin şeýle bir köp işlärin welin, üç hepde soň garşyňa 21 inch plazma ekran bolup çykaryn. ondan soň isleseň meni diwaryňa-da asyp bilersiň. agşamlary dyzlaryň üstünde laptop ýaly ýataryn. asla sleep mode'a geçmerin. biz seniň bilen çyrany öçürip, klawiatura gujaklarymyzda, daňa çenli chat ederis... myhman jaýymyzyň töründe kakamdan galan 10 megabyte'lyk köneje kompýuterini goýmakçy, ýanynda-da 5.25 inch'lik disketjikjer... o biziň üçin uly ýadygärlikdir. hatda täze ýyl gijeleri tetris zadam oýnap bileris. özümizi hemişe up-to-date tutarys. zamanada näçelik ram moda bolsa şony ulanarys. biri-birimizden pikir download'yny problema etmeris. aramyzda hiç hili sene-mene bolmaz, herkim biri biriniň surf'ine hormat goýar. o, size ejesini gudaçylyga ugradan pyýadaň site'yny hack ettim, ejesinem crack etdim... tv card'yny gyz tarapy alarmyş. saňa, bukjaňdaky iş edinip ýygnan cd'leriň bilen garaşýan. menem saňa eýýämden amazon.com'dan bäş gaşly ýüzük zakaz edip goýdum. toýumyzda sazy real player çalar. homepage'iňdäkilere salam aýt. her byte'yňdan öpýän. çeşme :)

Köneler, magnit tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir