Salam, eje jan! Bu gün saña hat ýazaýyn diýip galam-kagyza ýapyshdym. Esli salym saña - MÄHRIBANYMA näme ýazsamkam diýip oýlanyp oturdym... Eje jan! Seniñ maña bolan mähir- muhabbetiñ meñ ömür bossanymyñ güneshi. Seniñ meñ bashujumda oturan gijeleriñ diñe seniñ gijeleriñdi, ejem! Men heniz gundagly bäbekkäm, sen meniñ bilen gürleshýärdiñ, eje! Özümiñ köñül dünýäme ser salsam, ähli ýerde seniñ eken gülleriñi görýän. Gaharyñy getiren mahallarym dözmeseñ hem, ýüregiñ para-para bolsa-da, maña käýýän bolardyñ. Men - garagol bolsa, eýderdim- beýderdim, barybir ýene-de baryp özümi seniñ mährem gujagyña oklardym... Kakam temmi berjek bolsa, sen meniñ gorag gala:mdyñ. "Degmesene, kakasy! Indi gaýdyp gaýtalamaz-la!" -diýip, meñ tarapymy tutardyñ. Seniñ päkize ýüregiñden syzylyp çykan shol sözleriñ hatyrasyna men ýaramaz endiklerimiñ hem köpüsinden saplanypdym. Ýadyña düshýän bolsa, men Begençleriñ bir zadyny ogurlapdym. Shonda kakam maña mazaly temmi berdi. Uzynly gije burçda duruzdy. Sen shonda: "Ejeñ-kakañ mugallym. Il-gün näme diýer? Bular öz ogullaryny terbiýeläp bilmeýän hallaryna iliñ çagasyny okadan bolup ýörler diýerler, oglum! Men senden bular ýaly zada garashmaýadym..." -diýipdiñ. Henizler hem shol aýdan sözleriñ gulagymda ýañlanyp dur, eje jan! Men onsoñ kakamdan gorkyma däl-de, diñe seniñ shol sözleriñ hatyrasyna, shondan soñ hiç haçan ogurlyk etmedim... Aradan aý aýlanyp, ýyllar geçdi. Maña bolsa talyp bolmak bagty nesip etdi. Men indi durmushuñ nämedigine göz ýetirip ugradym. Ýagshy bilen ýamany, ak bilen garany, köçä tüýkürmeli däldigimi sen öwredipdiñ maña, mähribanym! "Hemme ýerde perishdeler bar, sen nädip olaryñ üstüne tüýkürip biljek?!" - diýipdiñ. Edep-ekramy senden öwrendim. Ikimiz bileje oturyp, heziller edip kitap okardyk. Sen söýdürdiñ maña kitap okamagy. Sen maña kitap okamagy däl-de, ynsanlary, ähli janly-jandarlary, gül-gunçaly ene topragy... söýmegi-de öwredipdiñ... Meni shu günlere getiren seniñ päkize kalbyñdy, eje jan!.. Men seni söýýän, ejem jan! Çagakamam söýdüm, shu wagtam söýýän, indem söýerin!!! Hormat bilen seniñ ogluñ .....!

Köneler, Friendship tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir