Eý ýaranlar, musulmanlar, Bir gün ahyrzaman bolar, Ölenden öň köp nyşanlar Ýeriň ýüzünde kän bolar Adalatsyz bolar hanlar Bihaýa bolar zenanlar, Köp döküler nahak ganlar, Iliň päli ýaman bolar. Pisat iş köp bolar, az bolmaz Bu öý ol öýe saz bolmaz, Ýagmyrlar ýagar, ýaz bolmaz Bir gün bady-hazan bolar. Hile eýlär, tapar ýollar, Süýthorlukdan ýygyr mallar, Din ýolyny taşlap iller, Ne mektep, ne azan bolar. Namaz goýar, sözlär ýalan, Ata-enä asy bolan, Çakyr içip, zyna kylan, Azaby müň elwan bolar. Elin tut Taňry dostunyň, Asy bolma, sakla diniň, Enşalla, Magtymgulynyň Din ýoldaşy iman bolar!
Ahyrzaman bolar!
- 
                student3
                13 years ago
                
- bagy$lan teldan yazdym gowy bolmady
- 
                ependi
                13 years ago
                
- saul çäpbilaý saňa do gowy goşgaý şu
- 
                madagaskar
                13 years ago
                
- student3  Molodes  Dinle dost Magtymgulyn bir goshgysyny bilyan yane doly bilemok Shol goshgyny doly bilyan bolsan yazayda kyn gorman bilyanje yerlerimi yazayyn 
 
 Adam ogly bu dunyede otunchan
 At bilen abray alan yagshydyr
 Gylatynyn sayasynda yatandan
 Burgut Penjesinde galan yagshydyr...
 
 
 Magtym guly diyer sozum ag ashmas
 Namart adam yoldashyna garashmaz
 Yashana yerinde gulmek yarashmaz
 toyun meylisinde gulen yagshydyr
 
 
- 
                ependi
                13 years ago
                
- öýlengin
 
 ýigit halyň garrylyga
 salaýyn diýseň, öýlengin.
 kethudalyk endişesin
 kylaýyn diýseň, öýlengin.
 
 kethudalyk gözel ýoldur,
 gaýgy garrydar, gam öldir,
 ýigitlik bir gyzyl güldür,
 solaýyn diýseň, öýlengin.
 
 öý, il gerek, ýorgan-düşek,
 perzent bentdir, aýal-duşak,
 ýüke werzigär boz eşek,
 bolaýyn diýseň, öýlengin.
 
 gezer sen oýnap, dalaşyp,
 galar sen gama bulaşyp,
 hasrata, derde ulaşyp
 galaýyn diýseň, öýlengin.
 
 joşgun eder sen özüňden,
 aýrylar sen hoş ýazyňdan,
 tükenmez derdiň yzyndan
 ýeleýin diýseň, öýlengin.
 
 ötir ýigitlik zamanyn,
 getir garrylyk dumanyn,
 dünýäniň ýagşy, ýamanyn
 bileýin diýseň, öýlengin.
 
 ýigitlik bir gyzyl gülşen,
 garrylykda öçer röwşen.
 gujak-gujak gara ýowşan
 ýolaýyn diýseň, öýlengin.
 
 magtymguly, gezip her taý,
 etmezdiň jahanda perwaý,
 pygamber sünnetin berjaý
 kylaýyn diýseň, öýlengin.
- 
                madagaskar
                13 years ago
                
- Ependi dost senem bilenokmay sho goshgyny doly bilsen yazayda yokaryny oka gayrat et
- 
                sahett
                13 years ago
                
- sagjabol
- 
                student3
                13 years ago
                
- tapsam yazaryn dost!
- 
                turkmentalyp
                13 years ago
                
- Magtmyguly geljegi gorupdir diyyarler. Yone olam adaty bende. Ol esasy din ylmyny gowy ozleshdiren alym. Din bolsa hakykat. Shol sebapden onden gorujilik emele gelyar. 
 
 Gaty gowy goshgy. Yene-de yazyp dur. Imanymyz yoldash bolup durar yaly.
- 
                makgush
                13 years ago
                
- Gowy goshgy, sagbol student!
- 
                Aristokrat
                13 years ago
                
- sagja boluñ oglanlar
- 
                student3
                13 years ago
                
- Gaty gowy goshgy. Yene-de yazyp dur. Imanymyz yoldash bolup durar yaly. 
 turkmentalyp | 2011-12-27 15:50:52
 
 
 nesip bolsa!
- 
                Cwetocek
                13 years ago
                
- Minnetdar! Gowy goryan goshgularmyn biri...
student3 13 years ago- Eý ýaranlar, musulmanlar, Bir gün ahyrzaman bolar, Ölenden öň köp nyşanlar Ýeriň ýüzünde kän bolar Adalatsyz bolar hanlar Bihaýa bolar zenanlar, Köp döküler nahak ganlar, Iliň päli ýaman bolar. 
Pisat iş köp bolar,
az bolmaz Bu öý ol öýe saz bolmaz,
Ýagmyrlar ýagar,
ýaz bolmaz Bir gün bady-hazan bolar.
Hile eýlär, tapar ýollar,
Süýthorlukdan ýygyr mallar,
Din ýolyny taşlap iller,
Ne mektep, ne azan bolar.
Namaz goýar, sözlär ýalan, Ata-enä asy bolan, Çakyr içip, zyna kylan, Azaby müň elwan bolar. Elin tut Taňry dostunyň, Asy bolma, sakla diniň, Enşalla, Magtymgulynyň Din ýoldaşy iman bolar!