Sag gurgyn otyrmysyňyz, gadyrly agzalar. geçen gezekki temalaň birinde has dogrusy Keýmirkör agzanyň "Sylapmeniň ýazgylary barada" diýip açan temasynda 1merdan agza bilen düşnüşmezlik boldy. Meň ýazan ýazgymda şeýle bir uly derejede "millletçilik" edipdirin welin 1merdan agzamyz tisginip gidipdir. Mümkin şol tisginmeden soň ençeme gezek tebibe gatnap gorky damarynam tutdurandyr. indi men-ä gorkubam ugradym şol tisginmeden soň. -Meň saglygyma eden zyýanyň çykdajylarynyň öweztölegini töle - diýip dursa name etjek. Bu ýerd-ä töläp dynarsyňam welin, wyždan diýibem bir zat bar. Şol hem günüňe goýmazmyka diýýän. Bir saýtyň üsti bilen ýazan zadyňdan bir bendäni "tisgindiripsiň" diýip. Garaz men şol ýerde hakykatdanam milletçilik etdimmikäm??? Gadyrly agzalar, sizem maslahat berseňiz gaty minnetdar bolardym. Sagboluň wagt aýyryp okanyňyz üçin. Meň şol temada ýazan ýazgymy we hormatly agzamyz, "milletçilik" temasyny okasa "tisginýän" we türkmenlere ŞEÝLEMIŞ-em ekendä diýýän 1merdanyň jogabyny ýerleşdirjek.

Köneler, admin11 tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir