Salam Talypdashlar, armañda! Okaýanlar okuwlarynda, ishleýänlerem ishlerinde üstünlik diläp, menä esasy gürrüñe bashlaberjek onda! Menden shu Talyplarcomy döreden adminlere, dizaýnerlerine bir haýyshym barda, nämüçin biziñ ýazýan ýazgylarymyz birsydyrgyn gidýärka?! Harplaryñ bashky ýada köp ýerinde bash (uly) harplar bilen ýazgy ýazyp ugratsañam ýene kiçi harplar bilen görkezýär. Men telefondaky operamdan girsem sholar ýaly, temalardaky ýazgylar diñe kiçi harp bilen görkezilen, öñler beýle däldi köne wersiýadaky operalarda. Men MTS wagtam Talyplarcoma kän girýärdim, bashda telefonda internetiñ ýañy çykan wagtlary opera mini 2-lik hemde 3-lik wersiýalary ishleýärdi, harplary bash harp bilen ýazsañ basham harpda, kiçi ýazsañam kiçi harpda görkezip durdy. Aýtjak bolýanym, shu Talyplarcomuñ dörän ýyly ashakdaky bellikde 2007-nji ýyly görkezýär, ondan bärem 4 ýyl geçipdir. Shol wagtlar operalañ 2-lik hemde 3-lik wersiýalary ishleýärdi, galany soñ çykdy. Mümkin Talypcomy ishläp taýýarlan dizaýnerler diñe shol wersiýalara degishli edip, soñky çykan operalar üçin saýta kän düzedish girizmedige meñzeýär. Umuman, shu saýtyñ adminlaryna haýyshym, soñky çykan 4, 5, 6-lyk operalar, browserler üçinem düzedish girizseler kem bolmazmyka diýän! Talyplaram indi bu wagt kiçi-girim saýt däl, gelýän-gidýän kän bu saýta. Esasanam talyp oglan-gyzlar köp girýär bu ýere. Onsoñam shu ýerde bir zada üns berilmeýär, käbir agzalar ýazmaly ýerinde uly harpda ýazjagam bolanok, sebäbi görkezenok. Bu bolsa soñam bashga ýerlerde hem ýalñyshmagyna getirýär. Ýöne telefonda internet uslugadan, operasyz zakladkadan girilip okalanda harplary nähili ýazsañ sheýle hem görkezýär, uly harpy uly, kiçi harpam kiçi görkezýär. Dashary ýurtdaky agzalar barlaryn diýseñiz 2-lik, 3-lik operalardan girseñiz harplaryñ ýazgysyny dogry görkezer, soñky wersiýalarda bolsa görkezmeýär. Adminler shonam oñaryp berseler gaty ýerine düsherdi. Ony oñarmak üçin gaty kän ishi ýokmuka diýän özümä, mümkin dizaýnerçi soñ alada etmedik bolmagam ahmal saýty. Meñki ýöne maslahat, haýysh düzedip bolýan bolsa! Okanyñyza minnetdar!

Köneler, Yegen tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir