Esselamaleýkum gadyrly agzalar, size ýetip gelýän täze ýylda ähli gowulyklary arzuw edýärin ýagny janyñyzyñ sag, mashgalañyzda agzybirlik, ýurdumyzyñ parahat bolmagyny we tm ilinde adalatyñ ösmegini we bolmagyny beýik biribardan dileýärin. Gecheli asyl maslahata. Bilishimiz ýaly, talyplar.com saýtynyñ iñ bir aktiw gatnashýan, özüniñ aýratyn filosofiki pikirlerini ýöredip bilýän, galybersede bizlere zerur bolan türkmeniñ milli mirasyna uly hormat goýýan ýene-de din ara chekeleshmelerinde (diskusia) öz päk pikirlerini gögertýän hormatly agzamyz "mirasymyz" agzamyz bn söhbetdeshlik gechirsek neneñ görýäñiz? Öñ mirasymyz bn söhbetdeshlik gechiren bolmagyñyzam mümkin ýöne dogrym aýtsam arhiwden menä tapmadym. Geliñ onda agzalar mirasymyz agzany kim realda tanaýan bolsa, onuñ bn habarlashyp, shu saýtymyzda söhbetdeshlik gurnalyñ. "Señ näme özüñ sorap bileñokmy" diýmegiñiz mümkin, emma men ol agzany realda tanamok, habarlashar ýaly tel bilemok. Umuman aýtjak bolýan zadym, kim mirasymyz agzany ýakyndan tanaýan bolsa ondan rugsat sorap, söhbetdeshlige chagyralyñ. Ýeri agzalar, näme diýjek bolanyma düshünen bolsañyz gerek...

Köneler, pgs tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir