Belli türkmen serdarlarynyň biri Gulbatyr Gadam(Gadam pälwan) ogly 1820-nji ýyllaryň ortalarynda Gökdepe etrabynyň Kelejar obasynda dünýä inip, 1905-06-njy ýyllarda aradan çykypdyr Tiresi-teke-togtamyş-beg-amanşa-gowky-zereň-tirjin. Ol halk arasynda öziniň gaýduwsyzlygy, merdanalygy bilen meşhur bolypdyr. Geçen asyryň 50-70 nji ýyllarynda bolyp geçen birnäçe söweşlere gatnaşyp, aýratyn batyrlyk görkezýär. Ol Dykma serdaryň iň ygtybarly, edermen serkerdesi bolan. Gulbatyr serdar 19-njy asyryň70-nji ýyllarynyň aýaklarynda rus goşunlarynyň Ahaly güýç bilen basyp almak üçin eden hüjimlerine garşy gandöküşikli agyr söweşlere, şol sanda gökdepe galasynyň 1880-81-nji ýyllardaky gahrymançylykly goralyşyna hem işeňňir gatnaşyp, ene topragyň azatlygy ugrunda är kimin söweşipdir. Gökdepe galasy zalymlyk bilen weýran edilip, Ahal etraplary basylyp alnandan soň, patyşa häkimetleri türkmen taýpalarynyň arasyndan özüne daýanç edinmek üçin ýerli han-begleriň belli wekillerini her hili ýollar arkaly öz tarapyna çekmäge başlaýarla. Şeýle tanymal adamlaryň biri bolan Gulbatyr serdar hem 1881-nji ýylyň tomusynda türkmen delegasiýasynyň hatarynda Russiýa aýlanyp gelýär.Ol şol gezek Peterburgda rus patyşasy Aleksanda3 kabul edilşiginde bolyp, praporşik harby çinine, halat-serpaý uly altyn medala mynasyp bolýar. Şondan soň Gulbatyr serdar galan ömründe Zakaspidäki rus häkimýetlerine gulluk edýär. Ol 1890-njy ýylda Durun piristawynyň kömekçisi edip bellenýär, ştab-kapitan çini berilýär. Gulbatyr kärizler baradaky jedelli işlere seredýän ýörite sudyň we Aşgabatda ýylda 2 gezek mejlis geçirýän “Halk sudýalarynyň adatdan daşary gurlutaýynyň” çlenligine saýlanýar. 1880-81-nji ýyllaryň Gökdepe söweşinde Gulbatyr serdaryň özi diri galan-da bolsa, onuň çagalary(şol sanda ötgür atly ýeke ogly hem), aýaly aýlyganç jeňiň pidasy bolýar. Diňe iň kiçi gyzy diri galypdyr. Gulbatyr serdar şol ýeke gyzyny hem töhmetçi näkesleriň ýalan-ýaşryk gepine aldanyp öldürýär. Soň eden işiniň gaty gabahat, nähak işdigine göz ýetirip, bütin ömrine ökünip, gynanyp gezipdir. Şol gyzy tiz-tizden düýşine girip: “ Kaka, men päkdirin, sen nähak iş etdiň “ diýip, ony biynjalyk eder eken. Gulbatyr serdar ömüriniň ahyrlarynda şu eden günäsinden saplanmak üçin uly sadaka berýär, käbä zyýarata gidip gelýär. Onyň häzirki nesilleri soňky alan aýalyndan gaýdýar. Türkmenistanyň ylymlar akademýasynyň “ENSIKLOPEDIÝA” neşirýaty Aşgabat -1992

Köneler, 1merdan tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir