Unut bar ishiñi, unut sen bu gün, Gel, otur gashymda, dasha gitme sen. Çözläýin, kalbymda galmasyn düwün, Ýöne öte geçsem, gahar etme sen! Gaýta, mañlaýymda goý-da eliñi, kösheshdir, ezizim, kösheshdir meni! Durmush-da, nämeler bolmaýar onda, käte bar islegiñ çykýar tersine. Asuda günleri gözlärdim men-de... Arman, gohdan, aladadan görsene, sypyp bilmän geçirýärin kä güni, kösheshdir, ezizim, kösheshdir meni! Käte gowluk isläp äden ädimiñ pashmaýar, üstüñe kirshenin seçýär. Düýn egninden çeken käbir adamyñ bu gün senden ýüzün sowýar-da geçýär. Wah, nämüçin ýatlaýarkam men muny, kösheshdir, ezizim, kösheshdir meni! Bilýärin, özümem däl meñ perishde... O bolsa kimedir bulap guýrugyn, geçdi-de häkimlik satyp ýör ishde hemem dynman ýagdyryp ýör buýrugyn... ...gahar edip, otlamankam ýorgany, kösheshdir, ezizim, kösheshdir meni! Shygyram görkezdi tomasha baryn, kä ýygryldym, käte ganat gerdim men. Señ bilen geçmeli gijämiñ ýaryn her gün birje bende bölüp berdim men. Hasaba alma-da görlen görgüni, Kösheshdir, ezizim, kösheshdir meni! Dur!.. Gapy kakylýar!.. Gelen ýaz ýaly... Sho bolsa, gapyny aç, läläm, durman! Çünki, señ ýylgyrshyñ hem oñ jemaly meñ teshne ýüregme dermandyr, derman. Çekeýin baharyñ hem señ näziñi, kösheshdir, ezizim, kösheshdir meni!

Köneler, Friendship tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir