prezident barak obama birleşen ştatlaryň eýrandan amerikan uçaryny yzyna bermegini sorandygyny aýtdy. tähran bu uçary öz territoriýasynyň üstünden barýarka aşak düşürendigini aýdýar. waşingtonda yragyň premýer-ministri nury al-malikiniň gatnaşmagynda guralan metbugat ýygnagynda çykyş eden obama: “biz onuň yzyna berilmegini soradyk. biz eýranyň nähili jogap berjegine serederis” diýdi. eýranyň saýlantgy rewolýusiýa goragçylarynyň uly komandiri, general hosseýin salami ýekşenbe güni efire berlen çykşynda gözegçi uçarynyň yzyna berilmejegini aýtdy.

Köneler, sivee tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir