Saýlawda galplyk edilendigini öñe sürýän oppozisiýonerler 3 günden bäri ýöriş guraýar. Russiýada hepdäniñ ahyrynda geçirlen umumy saýlawlara görkezilýän garşylyklar dowam edýär. Saýlawda galplyk edilendigini öñe sürýän oppozisiýonerler 3 günden bäri ýöriş guraýar. 3 günden bäri köçelerde ýöriş guraýan demonstrantlar synçylaryñ saýlaw gutularynyñ golaýyna barmagyna rugsat berilmändigini, Birleşen Russiýa partiýasynyñ öñünden bellenen saýlaw kagyzlaryny ullanandygyny öñe sürýär. Putine goldaw berýän ýaşlar bolsa oppozisiýonerlere garşy ýöriş guraýar. Ýörişleriñ öñüni almak maksady bilen Moskwada we San Peterburg şäherinde müñlerçe polisiya iş alyp barýar. Rus metbugaty Moskwa goşmaça esger ornaşdyrlandygyny habar berdi. Russiýanyñ ozalky Prezidentlerinden Mihail Gorbaçow hem saýlawyñ netijeleriniñ bes edilmegi we täzeden saýlaw geçirilmegi barada çagyryş berdi.

Köneler, magnit tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir