Aşgabatda bir türkmen agşamara işden gelip, üstünden suw akytmak üçin wannaly otaga girýär. Görse, suw ýok. - Eý, Nabat, kitire suw alyp goýduňmy? – Ol aýalyna gygyrýar. – Çaý bir içip bilýäsmi? - Hawa, suw alyp goýdum, ýöne öýländen bäri gaz ýok. - Bä, onda dört mugtdan biriniň hözirini görmek üçin telewizory açmaly-da. Şo bir boş sözleri diňlemekden däliremesek ýagşy... – Türkmen ýassyk alyp, telewizoryň öňünde gyşarýar. Emma şol wagt daşarda çalaja ýel turýar-da, tok hem kesilýär. Türkmen gyşaryp ýatan ýerinden aýalyna gygyrýar: - Eý, Nabat, seret, duz gapda duz beri barmy?

Köneler, student3 tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir