Hemmäňize salam! Şu ýazgyda käbir türkmen saýtlary hakynda siziň bilen öz pikirlerimi paýlaşasym geldi. Ýagny "oka, döret, öwren" http/www.tmolympiad.org hem-de http/www.zehin.biz saýtlary hakynda. Bu saýtlar okuw, bilim, ylym bilen baglanyşykly bolup, öz öňünde goýýan maksatlary babatynda türkmen ýaşlary üçin peýdaly saýtlaryň biri bolup bilerdi. Ýöne özüm bir hepdeden bäri ýaňky saýtlara myhman höküminde girip çykýan. Bir hepdäniň dowamynda hiç hili (ýekeje gezek hem) üýtgeşiklik bolmady. Ýagdaý şeýle bolansoň mende tebigy ýagdaýda aşakdaky pikirler döreýär: Ýa saýtyň eýeleri öz saýtlaryna biperwaý, ýa-da okuwa bilime höwesli ýaşlar az. Daşary ýurt saýtlaryna gireniňde bolsa, gündelik täzelikler bolup dur. Hormatly agzalar we myhmanlar siz hem öz pikirleriňizi ýazsaňyz örän gowy bolardy. Hemmäňizi hormatlamak bilen matrisa.

Köneler, Matrisa tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir