Oksford uniwersiteti dünýäniň iň gadymy uniwersitetlerinden biri­ dir. Ol Angliýanyň Oksford şähe­ rinde ýerleşýär. Uniwersitetiň düýbüniň tutulan wagty anyk däl. Onuň 1096-njy ýyldan başlap, bilim bermäge baş­ landygy mälimdir. Dünýäniň iň go­ wy uniwersitetleriniň arasynda orun alýan Oksfordda 130 ýurt­ dan gelen 21 müňden gowrak ta­ lyp okaýar. Kollejler Uniwersitetiň 39 sany kolleji bar­ dyr. Bu kollejler öz-özlerini dolan­ dyrýarlar. Ýöne merkezi uniwersi­ tet administrasiýasy hem bardyr. Kollejleriň ählisi Oksford uniwersi­ tetine degişlidir. Bu kollejlerde okaýan talyplaryň 11 müň 723 sa­ nysy gutarylmadyk okuwy, 9 müň 327 talyp gutardyş okuwyny oka­ ýarlar. Kitaphanalary Oksford uniwersitetine degişli 100-den gowrak kitaphana bar­ dyr. Bularyň iň ulusy Bodleý kitap­ hanasydyr. Kitaphana Birleşen Pa­ tyşalygyň Britan kitaphanasyndan soňra iň uly ikinji kitaphanadyr. Kitaphanalarda 11 milliondan gowrak kitap bardyr. Bulardan başga her kolleje degişli muzeý bolup, bularyň iň könesi Aşmole­ an muzeýidir. Bu muzeý Birleşen Patyşalygyň hem iň gadymy muze­ ýi bolup, 1683-nji ýylda gurlan­ dyr. Talyplaryň durmuşyndan Gündelik gazetler, žurnallar, dürli klublar, teatrlar, kitaphanalar, mu­ zeýler, howuzlar, stadionlar, beýle­ ki sport desgalary talyplaryň okuw, sport bilen meşgullanýan ýerleridir. Bu ýerlerde olar öz is­ legleri bilen gurnaklaryň birine ýa­ zylýarlar. Hersi öz hünäri boýunça kluba ýazylyp bilýär we bu ýerde bolmagy talyp üçin amaly tejribe bolýar. Häzir uniwersitete degişli 14 sany gurnak we gurama bar­ dyr. Gazetdir-žurnallaryň sany bol­ sa 11-dir. Talyplaryň dynç almagy üçin 8 sany seýilgäh we medeni desgalar bardyr.

Köneler, Friendship tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir