Ýüregiň yzyňda, dogan ýeriňde, beýniň bekän ýerde galar ekeni. Çyn ekeni diýileni “ýat iliň gülünden ýeg öz ilimiň tikeni.” Ýöne ogurlygyň üstünden gelip, ogurlyk eden däl, özüň uýalsaň; ýoluňa tiken däl, gyzgan düşelse, şükür edýäň gaçyp, aman gutulsaň. Herhal ýürek yzda, gowulyk bolar, gaflat ukusyndan oýanar millet, adam bolan ogul-gyzyn oýlanar, açar ahyr gözün tükenmez minnet, diýen umyt bilen ýaşaýaň hemem hyýalda yzyňa dolanýaň her gün. Ýüregiň yzyňda, dogan ýeriňde galar eken näçe bolsaňam gurgun...
Ýurt hasraty...
- 
                makgush
                13 years ago
                
- Gowja goshky! Awtory kimkä?
- 
                kurbi
                13 years ago
                
- Bet, YÖNE GAMGYN GOŞGY,, GARYPJAN senmi awtory bu goşgyn, eger sen bolsan sen nırede yaşayan
- 
                garypjan
                13 years ago
                
- kurbi awtory men dal.
- 
                Patron
                13 years ago
                
- Goşgyň awtory Ýowşan Annagurban.
 
 garypjan sen Akmuhammet welsaparyň goşgularyndan hem birki sanysyny şaglatsana
- 
                garypjan
                13 years ago
                
- patron akmuhammet welsaparowny tanamok! Eger özüñ tanaýan bolsañ shaglatsana..
garypjan 13 years ago- herhal ýürek yzda gowluk bolar...