---Asmanyň zemin bilen, Aýyň Gün bilen owadan bolşy ýaly, meniň hem seniň bilen owadan bolasym gelýär. ---Meni oýlandyrýan duýgularyň sebäbini bilmek üçin pikirlerimi ak kagyzyň ýüzüne dökdüm.Tapdym, ol sen ekeniň. ---Maňa altyň, kümüş gerek däl, ýeke bir zat gerek, ol hem seniň päk söýgüden püre-pürlenip duran ýüregiň. ---Söýgi beltli-pesli ýoldan ybarat. ---Her bir üstünligiň aňyrsynda, beýik söýgi bardyr. ---Meniň söýgi duralgasynda saňa garaşyp durandygymy, ulaglaryň bolsa wagt tizliginde deňimden geçýänini bilýärmiň?! ---Men arzuwlar ummanynda, umyt gämisinde, söýgi adasyna sary ýola düşdüm. ---Söýgi bir şem mysaly, hem gülýär, hem aglaýar. ---Söýgi çigildeminden çemen baglap goýdum, sen ony soldurmajak bol.

Köneler, 21asyr tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir