Essalawmaleýkim Jeýhun07. Seniň matematika ylmy hakynda aýdan pikrleriň babatynda men hem öz pikirlerimi aýtmagy makul bildim. Ahyrzamana çenli dowam etjek Yslam dininiň Mukaddes kitaby Allah(c.c) kelamy Kurany Kerim'dir. Bu şübhesizdir. Kitaplar içinde iň beýigi Kurany Kerim'dir. Bu hiç hili çekişmä mätäç däldir. Bu kitaby öwrenmek her bir musulman üçin derejedir. Matematika ylmy babatda aýdanyňda ylmy adama Allah(c.c) berýändir. Bu ylym ähli dünýewi ylymlaryň kömekçisidir. Şu ylymyň bar bolmagy bilen adamzat durmuşyna köp zatlar girdi. Adamyň durmuşyny ýeňilleşdirdi. Meselem, elektronika, uçarlar, kompýuterler, telewideniýe, radio, internet ulgamy we ş.m. Iň bärkisi özüň hem internede çykyp öz pikirleriňi ýazyp otyrsyň. Onsoň neneňsi sen “matematika'ny bosh berin “ diýip bilýärsiň. Matematikanyň barlygy sebäpli häzirkije ulanýan brauzeriňdir, kompýuteriň (telefonyň) işleýär. Sebäbi olaryň esasynda prorammirleme dilleri ýatýar. Onuň esasynda bolsa matematika ýatýar. Ol dilleri ýazanlaram matematik alymlar. Näçe mysal getriseň getirip oturmaly. Ýöne men şunuň bilen çäklenmekçi. Pygammerimiz Hz.Muhammet(s.a.v) hadyslarynda aýdypdyr: “Ylym Hytaýda-da bolsa gidip öwreniň”. Iň haýyrsyz ylym – kiç kime peýda bermeýän ylymdyr. Bilmeýän zadyň hakynda gürlemezlikden gowusy ýokdur. Dogry düşün bu zatlary göwnüňe degmeklik üçin, ýa-da tankytlamak üçin ýazmadym. Sadaja käbir zatlary bilmegiň üçin ýazdym. Hormatlamak bilen Matrisa.

Köneler, Matrisa tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir