Bir adam goñshusynyñ ýanyna geldi, Möhüm ish barada maslahat saldy. Olam içgin synlap sada goñshusyn, Diýdi: "Özgä maslahat sal gowsy sen. Men seni halamok,ýadyñda sakla, Shoñ üçinem,beýle möhüm ish hakda Degerli maslahat isleseñ eger, Sen bashga birine sala salyp gör. Men saña peýdaly maslahat bermen, Näçe islesem-de,ony basharman. Kim gurda ynansa goýun bakmagy, Sho bolar adamyñ iñ bir akmagy. Saña dushmandygmy duýdurdym ýañy, Bäsdeshler bir-birne ýagydyr-ýagy. Zyýanyña çapar ähli babatda, Sen gowsy,pikirlen,aklyñ dagytma. Dostuñ ýok däldir-ä? Bar bolsa eger, Bu zatlar barada shoña gürrüñ ber. Sözne gulak asyp ýörmän her kesiñ, Dostuñ bilen "Ýedi ölçäp,bir kesiñ". Diñläp goñshusynyñ aýdan sözlerni, Ol sheýle diýipdir ýashlap gözlerni: "Bu gepiñi diñläp,seni söýdüm men, Käbir dostsumaklañ ýalan öwdünden, Sen deý mert dushmanyñ sözün diñlänim, Ýüz esse peýdaly diýip bilýärin".

Köneler, ALADIN tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir