Merw (Farsi dilinden: ﻣﺮﻭ) – (Marguş, Merw,Marruh, Merwan) häzirkiMary şäheriniñ ady, Fars dilinde häzir hem şeýle ulanylýar. Türküstanyñ (Merkezi Aziýanyñ) iñ gadymy şäheri bolup häzirki Baýramaly şäheriniñ ýanynda ýerleşendir. “Mary”, “Merw” atlary tutuş daş töweregi gurşap alyp duran ýerler hem göteripdir. Merw şäheri biziñ eramyzdan öñki VII asyrda öñki Erk-gala şäherçesiniñ ýerinde döräpdir we gysga wagtyñ içinde tutuş wahanyñ (oazisiñ) paýtagty bolýar hem-de Ahmedinleriñ döwletiniñ bir bölegi bolýar. B.e. öñ 330-njy ýyldan 323-nji ýyllar aralygynda Aleksandr Makedonskiniñ soltanlygynyñ (imperiýasynyñ) düzümine girýär (Margiana Aleksandriýasy), b.e. öñ 323-nji ýyldan 250-nji ýyllar aralygynda Selewkidleriñ döwletiniñ (Atiohiýa Gäur-gala şäherçesi), b.e. öñ 250-nji ýyldan 209-njy ýyllar aralygynda bolsa Baktriýa patşalygynyñ düzümine girýär. B.e. öñ III asyryñ soñynda b.e. öñ 224 ýyla çenli Part (Arşaklylar, Parfiýa) soltanlygynyñ düzüminde özbaşdak dolandyrmaga hukukly bolan aýratyn welaýat hökmünde berk orun tutýar. 224-651-nji ýyllar aralygynda Merw Eýran sasanidleriniñ ygtyýaryndady. 651-nji ýylda bolsa Arab halifatynyñ Türküstan (orta Aziýa) welaýatlarynyñ biridi. X asyrda ýazylan “Hudul-älem” atly kitabda ýazylyşyna görä, ol uly Horasanyñ iñ uly şäherleriniñ biri bolmyş, öñler Horasan emirleriniñ paýtagty bolup, soñlar Buhara paýtaht bellenipdir. “Hudul- älemiñ” näbelli ýazyjysy “Merw safaly we nygmatly ýer, onuñ galasy bar, şony Tähmuris saldyrypdyr, şonda (sasanid) paşalarynyñ köp köşkleri bar we bütin Horasanda şondan gowy şäher ýok..., ol ýerde gowy pagta bitýär...” diýip ýazypdyr. Gadymy çeşmelerde Mary “Merw-e Şahjan”, “Merw-e Şah-jahan” atlary bilen gabat gelýär. Orta asyrda uly Horasanyñ meşhur şäherlerinden biri hasablanypdyr. Ilkinji gezek Mewi abadanlaşdyran Jemşidiñ kakasy Tähmuris (pişdady dinastiýasyndan) diýlip görkezilen taryhy çeşmeler hem bar. İñ uly ösüşe Merw Beýik türkmen-seljuklarynyñ soltanlygynyñ we Horezm şalarynyñ Döwletiniñ düzüminde bolan wagty (XI ortasynda XIII asyra çenli) ýetýär. 1221-1222 ýyllar mongollaryñ çozmagy netijesinde şäher düýbinden weýran (harab) edildi we talanyp, ýaşaýjylary öldürildi we sürgün edildi. Merw şäheri seljuklar döwründe Soltan Sanjaryñ paýtagty bolýar. Emma oguzlar Sanjary ýeñenlerinden soñ, üç gije-gündiz şäheri garat (talañ, harab) edýärler, şol sebäpli şäherde kän weýrançylyk emele gelýär. Bu şäher soñabaka ýene-de abadanlaşýar ýöne Çingiz hanyñ döwründe mongollar şäheri düýpden weýran edip, onuñ müñlerçe ilatyny gyrýarlar, göýä diñe dört adam diri galanmyş. Şeýlelikde, tä Şahruhyñ döwrüne çenli Merw şäheri weýran bolup galýar. Şonuñ döwründe (XIV asyr) Merwa ýene- de jemagat (köpçülik, halk) üýşüp başlaýar, şäher abadanlaşyp ugraýar. Merw şäheriniñ abadanlaşmagy, medeni merkeze öwrülmegi ugrunda Soltan Sanjaryñ (XI-XII) eden hyzmaty uludyr, şonuñ döwründe şäherde uly kitabhanalar, köşkler emele gelipdir, ol weýran bolan şäheriñ ýanynda täze şäher saldyrypdyr. Bu iki (köne we täze) şäher barada Nowaýy özüniñ pars dilinde ýazan bir şygrynda “Ỳaş Merwynyñ ýürek mülki yşk arkaly abadandyr. Köne Merwyny hem-de täze şäheri bina eden Sanjardyr” diýip ýazypdyr. Merwynyñ suwy geçmişde Murgapdan ybarat bolan Merwerut üpjün edilipdir, ol derýa Merwda gutarýan eken. • Giçki orta asyr döwründe (XIII- XVII asyrlar) Merw tutuş Murgab wahany (oazisi) ýaly çuññur kynçylyklary we çökmekligi başyndan geçirýär hem-de soñ hiç haçan dikeldilmeýär. • Gadymy Merw şäheri umumy meýdany 1000 gektar bolup, ol deñitaýy bolmadyk gorag, köşk, din we medeni jaýlarynyñ toplymydyr. 1990-njy ýyldan başlap Merwiñ ýadygärlikleri “Gadymy Merw” medenitaryhy goraghanasynyñ düzümine goşulýar. • 1990-njy ýylda Gadymy Merwiñ arheologiki ýadygärlikleri UNESCO nyñ (United Nations Educational, Scientific and Cultural Organization) karary bilen Bütindünýä taryhy ähmiýetli hem-de Bütin adamzat üçin medeni- taryhy ähmiýetini saklamak maksady bilen dünýäniñ gyssagly gaýtadan dikeltmek we gorap saklamak işlerine mätäç bolan 100 sany ýadygärlikleriniñ hataryna goşulýar.

Köneler, Adgjmptw tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir