Essalawmaleýkum hormatly ulular we kiçiler daýylar we daýzalar ýeňňeler we gelnejeler siz we şuňa meňzeşler.Ýagdaýlaryňyz gowudyr diýip pikir edýän (içimden). Men şu gün oturyp turyp gawun hakynda bir temajyk açaýyn diýdim: Muhammet-Hüseýin Ibn Muhammet «Dermanlar hazynasy» atly kitabynda: «Gawuny ajöze iýmek maslahat berilmeýär: endamyň üşütmegi mümkin. Ýöne ony nahar edinilen dessine iýmek hem zyýanlydyr» diýip, ýazýar. Hakykatdanam, käbir düzgünler berjaý edilmän ulanylanda, gawun bedene zyýan ýetlrýär. Düzüminde kletçatkalaryn köp saklanýandygy sebäpli agyr önüm hasaplanýan bu iýmişi beýleki iýmitlerden aýratynlykda, nahar edinmezden 2 sagat öň ýa-da garbanylandan 2 sagat soň iýmeli. Gawun iýmek üçin in gowy wagt-ertirlik bilen günortanlygyn, günortanlyk bilen öýlänligin ýa-da öýlänlik bilen agşamiygyn aralygy. Gawuny çörek, spirtli içgiler, sowuk suw, turşy süýt önümleri, ýogurt bilen bile iýseň içiňi geçirýär. Çaga emdirýän aýallar, süyjüli diabetden, aşgazanyň we on iki barmak içegäniň başly ýaralaryndan, dowamly içgeçmeden ejir çekýän adamlar gawun iýmän oňsa gowy.

Köneler, Younglord tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir