 Gadyrly agzalar. Türkmen halky taryhy halklaň biri. Türkmen halkynyň içinde beýik-beýik şahsyýetler bolup geçipdir. Olaryň içinde serkerdeler, hanlar-begler, aýdymçy sazandalar, işan-mollalar, belli awçylar, mergenler, yzçylar, ýazyjy-şahyrlar, seýisdir-tebipler bolup geçipdir. Olaryň hem durmuşyndan gyzykly-gyzykly gürrüňler biziň günlerimize ýetip geldi. Şolaryň hem köpüsi halkyň dilinden şu günlere gelip ýetipdir. Geliň bizem şol şahsyýetlerden eşidenlerimizi köpçülik bilen paýlaşalyň. 
Ýöne myhman bolup gelip okaýanlaram peýdalanar ýaly dawa-jenjeli girmäliň, onsoňam temadan çykmalyň. 
Hä, ýokarky suratdakylar:Ortada oturan Gurbanmyrat işan.
Gurbanmyrat işanyň sag egninden çepine tarap: Çopan kir, Dykma serdar, Atalyk, Gönibek, Nurberdi han.
Geçmişi bolmadygyň gelejegi bolmaz.
Gadyrly agzalar. Türkmen halky taryhy halklaň biri. Türkmen halkynyň içinde beýik-beýik şahsyýetler bolup geçipdir. Olaryň içinde serkerdeler, hanlar-begler, aýdymçy sazandalar, işan-mollalar, belli awçylar, mergenler, yzçylar, ýazyjy-şahyrlar, seýisdir-tebipler bolup geçipdir. Olaryň hem durmuşyndan gyzykly-gyzykly gürrüňler biziň günlerimize ýetip geldi. Şolaryň hem köpüsi halkyň dilinden şu günlere gelip ýetipdir. Geliň bizem şol şahsyýetlerden eşidenlerimizi köpçülik bilen paýlaşalyň. 
Ýöne myhman bolup gelip okaýanlaram peýdalanar ýaly dawa-jenjeli girmäliň, onsoňam temadan çykmalyň. 
Hä, ýokarky suratdakylar:Ortada oturan Gurbanmyrat işan.
Gurbanmyrat işanyň sag egninden çepine tarap: Çopan kir, Dykma serdar, Atalyk, Gönibek, Nurberdi han.
Geçmişi bolmadygyň gelejegi bolmaz.
Halk hazynasy.
- 
                Adgjmptw
                14 years ago
                
- Mirasymyz, örän ýerlikli temany gozgapsyň! Türkmen halkymyzyň baý medeni taryhy geçmişi bar. Ýokarda belläp geçişiň ýaly mertebesi halk tarapyndan belent we uly sarpa goýulýan şahsyýetlerimizi näçe aýtsaň aýdyp oturmaly. Olar biziň kalbymyzda baky ýaşaýar. Olar biziň geçmişimiziň töründe şu günümiz üçin ajaýyp nusga bolup galýarlar. Men hem belent şahsyýetleriň biri bolan Orazmämmet han we onuň döwürdeşleri barada şu aşakdaky maglumatlary siziň bilen paýlaşmagy makul bildim.
 
 Tekänin Togtamyş – beg –
 Goñur – Gara goñur
 tiresinden bolan
 Orazmämmet han
 (Hajygurbanyñ
 ogly,Mämmet
 -weli kazynyñ agtygy,Ak
 kazynyñ çowlugy)
 Gökdepe urşunyñ
 taryhynda iz galdyran
 şahsiýetlerniñ biridir.
 Oraz mämmet han
 Berdimyrat han bilen
 bilelikde Gökdepe
 galasynyñ gurluşygynda
 ýolbaşçylyk edipdir.
 Hemme işde Berdimyrat
 hanyñ ýakyn geñeşdary
 bolupdyr.Berdimyrat han
 söweşde agyr ýaralanyp
 ölenden soñ Nurberdi han
 Marydan gelýänçä,Hanlyk
 Orazmämmet hana
 geçipdir.Maslahatlara
 onuñ özi baştutanlyk
 edipdir.
 Russlaryñ Gökdepe birinji
 çozuşynda tekeler
 Russlary ýeñendiklerini
 birbada bilmändirler.
 Orazmämmet hanyñ
 ýolbaşçylygynda 1879nji
 ýylyñ 28nji awgust günli
 gije uzaga çeken maslahat
 bolupdyr.Şonda
 Orazmämmet hanam
 Gurbanmyrat işanam
 Russlar bilen ýaraşyk
 barada gepleşik
 geçirilmegine garşy
 çykypdyr.Ýöne muña
 garamazdan,Ahyrsoñy
 Polat han bilen Wepadar
 hany Russlaryñ üstüne
 ibermek,olaryñ
 talaplaryny bilmek
 kararyna gelýär.
 Emma wagt giç
 bolansoñ,wekilleri dañdan
 ibermeli edýärler.29nji
 awgustda wekiller
 russlaryñ lagerine
 baranlarynda olaryñ
 eýýäm gidendiklerini
 görýärler.Şondan soñ
 Orazmämmet han ýene-
 de maslahat geçirýär.Köp
 adamlar indi Russlaryñ
 gitdigidir diýýär we ilatyñ
 öñki ýürtlerine göçüp
 barmagyna rugsat
 soraýar.
 Şondan soñ köp wagt
 geçmänkä,Nurberdi han
 Marydan dolanyp
 gelýär.Gelen dessine ony
 ýene-de han
 saýlaýarlar.Oña muñ sany
 nöker (perraç)bermeli
 edýärler.her tire
 200-300atly beripdir we
 olary eklemek üçin her
 obadan paç alnypdyr.
 Nökerler her tiräniñ öz
 hanynyñ ygtyýaryna
 berlipdir.Beg tiresinden
 toplanan nökerlere
 Orazmämmet han
 serdarlyk
 edipdir,.Nökerler serhet
 ýakalarynda garawolçylyk
 edipdirler,gala göçüp
 barmakdan ýüz dönderen
 adamlary
 jezalandyrypdyrlar.
 Lomakiniñ ekspediýasy
 döwründe gökdepe
 galasy entek gurlup
 gutarylman eken.Soñra
 onuñ gurluşygyny
 gyssagly dowam
 etdirilipdir. Galanyñ her
 ganatyny Tekäniñ bir tiresi
 gurupdyr,oñada şol tiräniñ
 serdary ýolbaşçylyk
 edipdir.Beg tiresiniñ
 gurýan ganaty
 Orazmämmet hanyñ
 ýolbaşçylygynda
 gurlupdyr.
 Nurberdi han ölenden
 soñ,onuñ ortanji
 aýalyndan bolan ogly
 Magtymguly han ähli
 tekäniñ hany diýilip
 saýlanylýar.Ol şol wagtlar
 heniz uruş görmedik ýaş
 ýigit eken.Şoña çenli ylym
 öwrenmek bilen
 meşgullanypdyr.
 Russlaryñ ikinji
 ekspediýasynyñ gelmegi
 bilen Magtymguly hanyñ
 täsiri gowşaýar.Maslahat
 bolup Tekäniñ 4 tiresiniñ
 hersinden bir han
 saýlanýar.Magtymguly
 handa diñe ähli Tekäniñ
 hany diýen titul
 galýar.Hakykat ýüzünde
 bolsa her tiräniñ hany öz
 tiresine baştutanlyk
 edipdir.
 Şol hanlar galanyñ
 özlerine berkidilen
 ganatynyñ gurlup
 gutarylmagyna,hiç kimiñ
 galany taşlap gitmezligine
 jogap beripdirler.Netijede
 dört hanlyk emele
 gelip,wekillere
 Magtymguly
 han,Syçmazlara
 Mämmetguly
 han,Bagşydaşaýaga
 Hezretguly han,Beglere
 hem Orazmämmet han
 hana saýlanypdyr.Olaryñ
 her biri öz tiresiniñ doly
 hukukly hany bolupdyr.
 Orazmämmet han uzakdan
 görüji,parasatly,syýasatçy
 bolupdyr.Ol Russlar bilen
 uruşmagyñ garşysyna
 çykyş edipdir.Maslahatda :
 - Ýürt kassam bilen
 goralmaýar,ýarag,top
 bilen goralýar.orslar
 güýçli,diñe ilaty gyrgyna
 bereris diýipdir.Ony
 Russlara satylan dönük
 diýilip atlandyrypdyrlar.“
 Orslara garşy urşy
 Orazmämmet han bilen
 Hanmämmet atalygyñ
 kellesini almakdan
 başlamaly „ diýipdirler.Ol
 ikisi Russlara garşy
 uruşjajdyklaryna ilkinji
 bolup
 Gurhana ant içmäge
 mejbur edipdirler,Şonda
 gahary gelen
 Orazmämmet han :
 - Akmak halk,men özümiñ
 akmaklygym üçin däl-
 de,seniñ akmaklygyñ üçin
 ant içýärin.Sen ölüp bilýän
 bolsañ menem ölerin –
 diýipdir.
 N.I.Grodekow hatda
 M.D.Skobelewiñ
 ekspediýasy döwürde
 Hezretguly
 handan,Orazmämmet
 handan we Polat handan
 gizlin gepleşikler
 geçirmäge taýýarlyklary
 barada hat alyndyklaryny
 tassyklaýar.Ýöne şol hatlar
 1880 nji Ýylyñ 29nji
 dekabrynda,Russlaryñ
 ýagny hüjüm etmezleriniñ
 öñüsyrasynda alnypdyr
 we eýýäm gepleşik
 geçirerden giç bolupdyr.
 Russlar bilen uruşmazlygyñ
 parahatçylykda
 gepleşikler geçirmegiñ
 tarpdary bolandygyna
 garamazdan,Orazmämmet
 han söweş hereketlerine
 işeñer
 gatnaşypdyr.Gökdepe
 galasynyñ goramagyñ
 guramaçylarynyñ biri
 bolupdyr .
 1881nji ýylda 12nji
 ýanwarynda Russlar
 nagym gazyp,galanyñ
 diwarynyñ astynda däri
 goýup partladýarlar.
 Galanyñ şol ganatyny
 begler goraýar
 eken.Wekillerem ol ýeriñ
 golaýjagynda eken.Diñe
 galanyñ partladylan
 ýerinde ýedi ýüzden
 gowrak adam ölüpdir.
 Orazmämmet hanyñ edil
 haýsy gün,nähilli
 ýagdaýda wepat
 bolandygyny,tassyklaýan
 maglumat ýok.12nji
 ýanwardan öñ wepat
 bolan adamlaryñ arasynda
 hem onuñ ady
 agzalmaýar.Orazmämmet
 hanyñ 12nji ýanwarda
 galanyñ partladylan
 ýerinde wepat bolan
 bolmagy gaty ähtimaldyr
- 
                Adgjmptw
                14 years ago
                
- Halk arasynda şeýle
 rowaýat bar.1900nji ýylda
 genral Kuropatkin
 gökdepe galasynyñ
 harabalygyny görmek üçin
 baranmyş.Şol ýerde
 oturan bir gojadan :
 - Gala goralanda näçe
 adam öldi ?Diýip
 soranmyş.
 Ol hem :
 -üç adam -- diýip jogap
 beren.
 Kuropatkin goja öz
 soragyny düşünen däldir
 öýdüp,bir näçe muñ
 adamyñ heläk bolanyny
 özüniñem görendigini,
 Gojadan anykrak
 maglumat eşitmekçi
 bolýandygyny
 aýdypdyr.Onda ol goja :
 -Men ýanaralyñ soragyna
 düşündim,ölen adam köp
 boldy,ýöne olaryñ
 üçüsinden başgasyny biziñ
 aýallarymyz eýýäm
 dogurdy.Şol üç adamy
 welin indi hiç aýal
 dogurup bilmez.
 Kuropatkin şol üç adamyñ
 kimdigini soranmyş.Halk
 arasynda gojanyñ sanan
 atlary dürlüçeräk
 aýdylýar.Käte olar bäş-
 alta-da ýetirýärler.Ýöne
 şolaryñ arasynda
 Orazmämmet han hem
 agzalýar.
- 
                Adgjmptw
                14 years ago
                
- Maglumatlar aşakdaky salga esasynda size ýetirildi.
 
 
 sites.google.com/site/biomurgaply/orazmammetserdar
- 
                Adgjmptw
                14 years ago
                
- Hä, ýene-de bir zat, 20-nji asyryň başlarynda hem biziň türkmen halkymyza rus häkimýetleri tarapyndan edilen güýçli koloniýal basyşlaryň netijesinde örän köp sanly adamlar pida boldy. Ýene-de birnäçe adamlar sürgün edildi. Ine, şol aýylganç döwürde her bir türkmen maşgalasynda ajy hasratly günler dowam edipdir. Bu döwürden söhbet açýan dokumental wakalar ýaşulylarymyz tarapyndan beýan edilerdi. Indi-hä ol ýaşulylarymyz hem azalypdyr. Umuman aýtjak zadym şeýle ýaşulylarymyzyň biriniň gatnaşyp, gözli şaýat bolmagyndaky bir wakany size ýetirmekçi. Ýöne bu wagt däl. Nesip bolsa ýene bir gün.
- 
                Warsaky
                14 years ago
                
- Nurberdi han hakynda gysgaça maglumat
 
 Nurberdi han juda uzyn boýly, süñkbaşy iri, eginlek, süýrüräkden uly kelleli, tüññüräk mañlaýy giñden ýaban, gönüburunly, garasy köpräk goýun gözli, gaşlagrak, bugdaýreñk gyzgylt ýüzli, az-zu sözli, diñlemegi söýýän, synçy ýiti nazarly, ynanç-yktykatly, nebsinden ynsaby ýokary, rehimli hem gazaply, ýürekli, gahar-gazabyna erk edip bilýän akyl-paýhasly, söweş-syýasatdan başy çykýan, berk bedenli sabyr-kanagatly, türki sowatly sada adam bolupdyr.
 Nurberdi han Anan onbegiñ ýuwlugy, Garry baýyñ çowlugy, Mürrük baýyñ agtygy, Döwletýar baýyñ bolsa ogludyr. Nurberdiniñ üç aýaly bolupdyr (Nurgözel, Rabygözel, Güljemal). Olardanam önen ogullary: Berdimyrat, Batyr, Döwlet beg, Magtymguly han, Garry han, Ýusup beg.
 Magtymguly hanyñ ogly Mürrük han, onuñ ogullary Suhanguly, Ata we başgalar. Ata onbeginiñ doganynyñ kowumlarynyñ biri-de Baba onbeginiñ ogly Garaoglan handyr. Ol Nurberdi bilen babadaş, garyndaş.
 Nurberdi - Teke - Togtamyş - Wekil - Ak wekil - Garaýörme - onbegidir.
 Ol 30 ýaşlarynda hanlyga göterilýär. Garaoglan hanyñ terbiýesini alýar, emma esasy terbiýeçisi däli Tilkidir.
 
 Arhiwden
- 
                Warsaky
                14 years ago
                
- Miras aga açan temanyz uçin kop sag bolun. Gerçekleri yatlap sogap ish edipsiniz.
 
 Men bir waka yadyma dushdida, on bir yerde okapdym. Doly wariantyny bilemok, teman mazmuny sheylerakdi, dinlan:
 
 General Skobel Turkmenlen hany Dykma serdardan onem agzy kan uçuklanson, ony hile bilen oldurmegin kul-kulune dushyar. Ol Dykma serdaryn kim kellesini kesip getirse, ummasyz pul bayragyny goyyandygyny yglan edyar. Bu habar dilden-dile geçip, yigitler Dykma serdaryn ozunede yetiryarler. Shonda Dykma serdar myssa yylgyryarda, oglanlarna "gozel gownuniz, oza gowy pul eken, ok-yarag, harajat uçina komek bolar" diyyar.
 Yigitler oturyp sheyle maslahat edyarler. Shol wagtlar Eyran bilen Turkmenlen arasynda bir garakçy-galtaman yashayar eken. Ol Eyrandan, Turkmenlerden gelen kerweni talap gezipdir, olam Dykma serdara gaty menzesh eken. Gepin kule yeri, oglanlar maslahaty birikdirip shol garakçyny tutup kellesini generala eltmegi makul bilyarler. 5-6 alty sany atly oglanlar shol garakçyny tutup, onun kellesini alyp gaydyarlar. (garakçyny tutushlaram gyzykly welin, ol yeri uzyn bolanson yazmadym) Kellani getiribem Skobele gorkezyarler. Skobel ynanman esgerlerine golay-goltumda gezip yoren turkmen bar bolsa tutup getirmeklerini buyuryar. Esgerler golayda mala baryan birki sany çopany tutup alyp gelyarler. Skobel edil adam yaly edip, donun içine samandyr, ot dykyshdyryp kellanem shon ustunde oturdyp goyyar. General çopanlary yanyna çagyryp "shu kim?" diyyar. Çopanlar bolsa dikanlap seredip "Dykmada, Dykma" bolshup yza gotunjeklap gaçyp ugrayarlar. Shonda Skobel aydyar:
 -Mundan olika gorkyalar, dirikade ot yakdyrmandy bu - diyyar. Sebabi generalam on birki gezek agzyny uçukladypdy. Skobel oglanlara sylagy berip ugradyp goyberyar.
- 
                Bilgi
                14 years ago
                
- kop sag bolun mirasymyz! Her bir turkmenin bilaymeli taryhy. Tuweleme sizinem-agzalarymyzynam ellerine saglyk, hemmanizede minnetdar, yone adgjmptw sizem dowamyny gaty yza chekman yazayynda! Bagyshlan welin adynyz kynyrak, ol namani anladyar, kyn gormeseniz onam yazayynda?
- 
                magnit
                14 years ago
                
- gowy tema acypsyn mirasymyz! warsaky gyzykly waka yazypsyn! Hany o garakcyn tutulyshyny gurrun berda? :-)
- 
                mirasymyz
                14 years ago
                
- Bir gezek Keýmir aga (Keýmir Kör) atly barýarka, öňünden çykan bir adam onuň bilen salam-helik edýär. Ol atyň syrtynda oturan 6-7 ýaşly gyzjagazy görüp:
 -Keýmir aga, ýogsada bu gyzjagaz siziň nämäňiz? - diýip soraýar. Emma gyzjagaz Keýmir agadan öňürti:
 -Büý-ä meniň janym, menem onuň jananasy, muň ejesi meň ejemiň gaýyn enesi - diýip, özüniň Keýmir agaň gyzydygyny aýdypdyr. Şonda ol adam oňa garap:
 -Berekella, sen-ä gaty akyllyja ekeniň, ömrüň uzak bolsun hakyllym! - diýipdir. Şondan soň onuň ýörgünli ady Hakylly bolup galyberipdir.
- 
                mirasymyz
                14 years ago
                
- bir gün Kerim aga Gurbannyýaz Daşgynow bilen öýünde oturan eken. Şol wagtam daşardan:
 -Aý bu Kerimem haçan görseň orus mätişgeleň yzyna düşüp ýörendir. Öýünde tapdyrmaz - diýip, Eziz hanyň ogly Mommat aga hüňürdäp gelýän eken. Kerim agada Gurbannyýaza: - häzir şu ýaşula oýün görkezeli, sen sesiňi çykarmada aýbogdaşyňy gurup otyr - diýipdir we daşary çykyp Mommat aga garap:
 -Mommat aga, ýuwaşyrak boluň, öýde Jüneýit hanyň agtygy otyr - diýip ýaşulyny köşeşdiripdir. Gurbannyýaz Daşoguzly ýomutlardanmyka diýýän. Boýam kiçiräk eken.
 Mommat aga olar bilen salamlaşyp Kerim aga şeýle ýüzlenipdir:
 -Baý-bow, Kerim diýýän-ä. Han agaň nebereleri gaty ownapdyrow - diýipdir. Şeýdip oýnuň yzy gülk-ä ýazypdyr.
 
 Agzalar sizem şunuň ýaly wakalardan ýetirip duraweriň.
- 
                Kuraldyshy
                14 years ago
                
- atlaryny hem yazanyna sag bol akgam,
- 
                nohurlyagza
                14 years ago
                
- Nohurlylar tekelere iň ýakyn tire. Nohur diýmek noh har (dokuz eşek) diýmek däl. Ol Nahur  sözünden, ýagny dag geçisi, dag goýuny diýmek, ýagny teke sözüne ýakyn. ynanmasaňyz wikipediýadan okaýyň. 
 
 Nahur_wikipedia
 
 http://ru.wikipedia.org/wiki/%D0%9D%D0%B0%D1%85%D1%83%D1%80
- 
                nohurlyagza
                14 years ago
                
- yokarky suratdakylar nohura meňzäp durandyr, sakalyna seredä.
- 
                mirasymyz
                14 years ago
                
- yokarky suratdakylar nohura meňzäp durandyr, sakalyna seredä. 
 nohurlyagza | 2011-10-13 02:43:25
 Ol döwürler hemme kişi sakal göýberýän eken. Sakalyny syran adamy, saçyny syran aýal ýaly halamaýan ekenler. Şu wagtky nohurlaňam ýaşulylarynda bolaýmasa ýaşlarynda sakal ýoga. Bu hanlar nohur dälmik-ä diýýän.
- 
                AshyrdadeBelarus
                14 years ago
                
- ay mena shu temadaky yazylan zatlary okamagada yaltanyan.
- 
                mirasymyz
                13 years ago
                
- Hany taze agzalar, sizem bilyan il ichinde agzalyan gurrunlerden bilyaninizi yetirinda!
19Berdish88 14 years ago- Surata kim  dusurdika?