adamyň bokyrdagyna iýip oturan zady ýa haýsydyr başga bir zat dykylyp, ol dem alyp bilmese, aýakdakylary ediň: • arkasyna geçip, bilinden gujaklaň. • ýumrugyňyzy onuň göbeginden ýokarrak we gapyrgalarynyň aşagragyndan goýuň. • ýumrugyňyzy ýokary itermek bilen onuň garnyna güýçli basyň. bu onuň öýkenindäki howany iterip çykarýar-da, bokurdagyny boşadýar. gerek ýagdaýynda şu hereketi gaýtalaň. eger syrkaw sizden has daýaw bolup, eýýäm özünden giden bolsa, şu hereketleri ýerine ýetiriň: • ony arkan ýatyryň. • kellesini gapdalyna öwrüň. • syrkawyň dyzyna artlaýyn münüp oturyň. eliňiziň aýalaryny göbegi bilen gapyrgalarynyň arasynda goýuň (semiz adamlaryň, göwreli aýallaryň, maýyplyk arabasyndaky maýyp adamlaryň we ýaş çagalaryň gursagyna goýuň). • aşakdan ýokary güýçli itip goýberiň. • gerek ýagdaýynda bu hereketi birnäçe gezek gaýtalaň. • eger ol şonda-da dem alyp bilmese, agyzdan agza usuly bilen emeli dem beriň

Köneler, muzazzi tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir