dişlere we diş etlerine gowy gözegçilik etmek dişleriň we diş etleriniň sagdyn bolmagy örän wajypdyr, sebäbi: iýmiti çeýnemek we ony siňdirmek üçin, güýçli we sagdyn dişler gerekdir. • diňe dişlere gowy gözegçilik etmek arkaly agyz boşlugyna zyýan ýetmesiniň, dişlerde • köwekleriň döremeginiň we diş etleriniň sowuklamasynyň öňüni alsa bolar. wagtly-wagtynda arassalanmaýan, kesel we çüýrän dişler bedeniň beýleki böleklerine • täsir edýän düýpli ýokanç kesellere eltip biler. dişleri we diş etlerini sagdyn saklamak üçin: 1. süýji zatlardan gaça duruň. gant, gant şugundyry, dürli süýjüler, gantly kofe ýa-da çaý, kola ýa-da dürli alkogolsyz içgiler ýaly düzüminde köp mukdarda gant bolan içgiler dişleriň çüýremegine eltýär. e ger çagalaryňyzyň dişleriniň sagdyn bolmagyny isleseňiz, olara süýji zatlary iýmegi we alkogolsyz şerbetleri içmegi öwretmäň. süýji zatlary iýeniňizden soň hemişe we 2. her gün dişleriňizi gowy arassalaň. çaga dişlerini dörän gününden başlap arassalaň. soňra çagalaryň özlerine öz dişlerini arassalamagy öwrediň we olaryň dişlerini dogry arassalaýandygyna gözegçilik ediň. iýmitde we suwda tebigy ftoridleriň az bolan ýerlerinde dişlerde köwekleriň döremeginiň 3. öňüni almak maksady bilen agyz suwuna we dişlere ftoridleri goýuň. käbir saglyk meýilnamalary ýylyň dowamynda bir ýa-da iki gezek çaga dişlerine ftoridleri ulanmagy maslahat berýär. deňiz iýmit önümleriniň köpüsi ftoridleriň köp mukdaryny özünde saklaýandyr. seresap boluň: eger ftoridler köp mukdarda kabul edilse, olar zäherlidir. olary seresap ulanyň we çagalardan daşrakda saklaň. ftoridleri agyz suwuna goşmazdan öň, näçeräk ftoridleriň gerek boljakdygyny anyklamak maksady bilen suwuň barlagyny etmäge synanyşyň. dişleriňizi diş çotgasyny ýokardan aşaklaýyn görnüşinde, arassalaň. olary bir gapdaldan beýleki bir tarapa edip arassalamaň. ähli dişleri öňünden, arka tarapyndan, ýokardan we aşakdan arassalaň. 230 biraz ulalan körpeleri çüýşeden iýmitlendirmäň. hemişe çüýse bilen iýmitlendirilýän 4. çagalaryň dişleri süýji suwuklyk bilen ýuwulýar we dişleriň ir çüýremegine getirýär (

Köneler, muzazzi tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir